BIZNES

Nobatdaky bäsleşikli söwda

Şu ýylyň 28-nji iýulynda Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki desgalary hususylaşdyrmak hakynda kanunçylygyna laýyklykda, döwlet eýeçiligindäki desgalary satmak boýunça bäsleşikli söwdalary geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu barada ýerli metbugatda degişli bildiriş çap edildi.

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bu bäsleşikli söwdany 28-nji iýulda geçirer. Türkmen metbugatynda çap edilen bildirişe görä, bäsleşikli söwdalar 15 lot arkaly amala aşyrylar. Türkmenistanyň Söwda we daşary aragatnaşyklary ministrligi, Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrligi, “Türkmengaz” döwlet konserni, “Türkmenhaly” döwlet birleşigi, Aşgabat şäheriniň hem-de Lebap we Mary welaýatlarynyň häkimlikleriniň desgalary satuwa çykarylar.

Bu söwda satuwynda kesgitlenen iň pes başlangyç baha Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabyndaky 9-njy “Marygurluşyk” birleşiginiň gurluşyk-gurnama müdirliginiň  naharhanasy bolup, onuň bahasy 19 müň 129 manatdan başlanýar.

Kesgitlenen iň ýokary bahaly desga bolsa, ýene-de Mary welaýatyndaky Oguzhan etrabynyň 2009-njy ýylda gurlan “Altyn sähra” bazarydyr. Onuň başlangyç bahasy 3 million 224 müň manatdan başlanýar.

Bu barada has köp maglumat almak üçin “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetiniň 12-nji iýuldaky sanynyň 4-nji sahypasyndan tanşyp bilersiňiz

 

Kiçi we orta telekeçiligi goldamak barada

 

Ýene-de okaň

Eýranda maliýe özgertmeleri: pul birligi çalyşýar

Türkmen-özbek söwda dolanyşygy 1 milliard dollardan geçdi

“Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan” demirýoluň gurluşygyna başlanýar

Eýranyň Gürgen şäherinde Türkmenistanyň harytlaryň sergisi geçirmek meýilleşdirilýär

Türkmenistan Malaýziýa bilen oba hojalyk pudagynda hyzmatdaşlygyny giňelder

“Iran Agro Fud” atly Eýranyň 16-njy ýöriteleşdirilen sergisi geçirilýär

Ata Watan Eserleri