SPORT

Neýmar geljegi barada karar berdi

Fransiýanyň “PSŽ” toparynyň brazil  ýyldyzy Neýmar karýerasynyň mundan soňky döwri üçin karar berdi. Ol 19-njy fewralda “Ligue 1” çempionatyň çäklerinde geçirilen duşuşykda şikes alypdy. Ýyldyz oýunçy topugyndan operasiýa edildi we möwsümiň ahyryna çenli meýdança çykyp bilmeýär.

“Barselona” toparyna dolanyp barjakdygy ýa-da Angliýanyň futbol çempionatynda karýerasyny dowam etdirjekdigi barada habarlar neşir edildi. Neýmar bu habarlaryň dogry däldigini belläp, şertnamanyň möhleti tamamlanýança fransuz toparynda galjakdygyny belledi.

Şeýle hem ol 2027-nji ýylda şertnamasy tamamlanandan soňra futboly taşlamagy hem göz öňünde tutýar. Ol şertnamasynyň dowam edýän döwründe toparynyň Çempionlar ligasynyň kubogyny gazanmagyna goşant goşmagy meýilleşdirýär.

31 ýaşyndaky futbolçy fransuz toparynda şertnamasyny dolduran halatynda Parižde 10 ýyl futbol oýnan bir futbolçy bolar.

Ol 2017-nji ýylda 222 million ýewro tölenip, “Barselona” toparyndan “PSŽ” toparyna geçipdi. Fransuz toparynyň düzüminde 173 duşuşykda 118 gol geçirdi. Ol bu topar bilen 13 kubok gazandy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň futbol ýygyndysy Tailandyň milli ýygyndysy bilen duşuşar

“Inter” topary baş tälimçisi Simone Indzagi bilen hoşlaşdy

Grizmann “Atletikoda” galdy

Ata Watan Eserleri

“PSŽ” topary taryhynda ilkinji Çempionlar Ligasynyň kubogyny gazandy

Arnold “Real Madrid” bilen şertnama baglaşdy

“Çelsi” topary UEFA-nyň Konferensiýa ligasynyň kubogyny gazandy