Neşir işleri dowam edýär

A.M.Sarlynyň aýaly Bibi Hamida Muhammetniýazi Eýranda we onuň çäklerinden hem has uzaklarda ady belli, eserlerini pars dilinde ýazýan türkmen zenan ýazyjysydyr. Ol köp sanly powestleriň, hekaýalaryň, şeýle hem „Magtymguly” [48] atly uly göwrümli romanyň awtorydyr. Ol ýoka-ry çeperçilik derejesinde ýazylypdyr. Ð’u eseri taryhy roman hasaplamak hem bolar, çünki onda şahyryň durmuş ýoly XVIII asyrda türkmenleriň ykbalynda bolup geçen möhüm we pajygaly wakalar bilen berk baglanyşykda beýan edilipdir. Bu möhüm eserden bölekleri onuň asyl nusgasyn dan kem bolmadyk derejede ýaş hem zehinli edebiýatçy B.Öwezow pars dilinden türkmen diline terjime edipdir we Aşgabatda neşir edilýän „Dünýä edebiýaty” [9] Žurnalynda çap edipdir. Biz onuň bu möhüm işini ahyryna çenli tamamlamagyny arzuw edýäris. B.H.Muhammetniýazi 12 sany türkmen edebiýatyna degişli kitaplary çapa taýýarlapdyr we neşir edipdir. Ol „Pyragy” Žurnalynyň hem Baş redaktorydyr. Bu Žurnalyň sahypalarynda ol zenan hukugyna degişli makalalar tapgyryny ýazypdyr.

A.M.Sarlynyň we B.H.Muhammetniýaziniň gyzy Sona Sarly (1988-nji ýylda doglan) 1999–2002-nji ýyllarda Aşgabatda ýaşan döwründe türkmen dilini we edebiýatyny ykjam öwrenipdir. Soň Tähranyň golaýyn-daky Erak uniwersitetiniň Himiýa fakultetini tamamlapdyr. 2005-nji ýylda „Pyragy” neşirýaty türkmen halkynyň taryhy boýunça Halkara konfe-rensiýasyny geçirdi. (Oňa şu setirleriň awtory hem öz çykyşynyň tekstini goýberip, gaýybana gatnaşypdy). Onuň gün tertibinde Eýranda türkmen ensiklopediýasyny döretmek meselesi ortada goýlupdyr. A.M.Sarlynyň ýolbaşçylygynda geljekki neşiriň meýilnamasy taýýarlanyp, aýratyn kitapça görnüşinde çap edilipdir [22]. Emma, şeýle düýpli işi taýýarlamak ýeňil-ýelpaý iş hem däldi, ol köp sanly ylmy işgärleriň tagallasyny we maliýe serişdesini talap edýärdi. Heniz onuň ýekeje jildi hem çap bolup çykmady, ýöne onuň üstünde alnyp barylýan işler hem togtadylmady.

Bilesigeliji juwan gyz S.Sarla meşhur türkmen aýallary barada maglumatlary toplamak tabşyrylypdyr we ol ensiklopediýanyň bu bölüminiň müdiri edilip bellenipdir. Netijede, 2009-njy ýylda S.Sarly özüniň „Meşhur türkmen zenanlary” atly kitabyny taýýarlapdyr we neşir edipdir  [26] Onda, irki döwürlerden häzirki zamana çenli ýaşap geçen meşhur türkmen aýallary barada maglumatlar ýerleşdirilipdir. S.Sarly, ýerli ýazyjylar jemgyýetiniň we metbugat öýüniň agzasydyr. 2008-nji ýylda S.Sarly Eýranyň „Işeňňir Žurnalisti” adyna mynasyp bolupdyr.

A.M.Sarlynyň we B.H.Muhammetniýazinyň ogly Serdar Sarly magistrlyk derejesini alypdyr. Ol „Pyragy” Žurnalynyň kitapşynaslyk bölümini alyp barýar we onuň içini gerekli we degişli suratlar bilen bezemek bilen meşgullanýar.

1998-2008-nji ýyllarda EYR-nyň Aşgabatdaky Ilçihanasynda işlän Ýusup Gojuk iki ýurduň döredijilik işgärleriniň özara gatnaşyklaryna täze öwüşgin beren adamdyr. Türkmen, pars we arap dillerini suwara bilýän bu zehinli, belli ýazyjy, ylymly-bilimli ýigit köp sanly kitaplaryň we makalalaryň awtorydyr. Onuň Göкdеpе”, „Söweş wagty dutaryňy be-lent çal!” [39,40] atly romanlary aýratyn bellenilmegine mynasypdyr. Uly göwrümli bu eserleri tolgunman okamak mümkin däl, sebäbi olarda anyk resminamalaryň esasynda XIX asyryň 70-80-nji ýyllarynda rus generaly M.D.Skobelewiň ýolbaşçylygynda Russiýa imperiýasynyň Türkmenista-ny basyp alnan döwründe bolup geçen ganly we aýylganç wakalar ýokary çeperçilik bilen beýan edilýär. Şeýle-de, ol „Asmana äkidýän merdiwan” atly romanyň hem awtorydyr [40].

Ýusup bilen pikir alyşmak diýseň ýakymly hem gyzykly, onda öz söhbetdeşini özüne çekijilik ukyby hem-de her bir mowzuk boýunça özüniň anyk düşünjesi we pikiri bar. Seniň bilen ony paýlaşmaga ol elmydama taýyn.

Ý.Gojuk hem, A.M.Sarly bilen bir döwürde, ýagny 1998-nji ýylda her pasylda bir gezek çykýan „Ýaprak” atly medeni, edebi we jemgyýetçilik   Žurnalyny esaslandyrypdyr. Ol bu işi ilkibada belli alym we ýazyjy Mah-mut Atagözli bilen bilelikde başlapdyr, soň özbaşdak alyp barypdyr. „Ýaprak”, „Fragy” Žurnalyndan soň, Eýranda pars we türkmen dillerinde neşir edilen we tutuşlygyna türkmenleriň durmuşyna bagyşlanan ikinji göwrümli döwürleýin neşirdir. 1998–2009-njy ýyllar aralygynda „Ýap-rak” Žurnalynyň 46 sany çapdan çykypdyr. Soňra, gynansak-da, maliýe serişdesiniň ýetmezçiligi sebäpli neşir edilmesi bes edilipdir. Onuň deregine, soňky 19 ýylyň dowamynda Ý.Gojuk, şol bir at bilen, hepdede bir gezek çykýan uly göwrümli gazeti neşir edip gelýär. Häzirki wagta çenli onuň 300-den gowrak sanlary çap bolup çykypdyr.

Ýusup Gojugyň aýaly hanym Şokuh Zolfegary, käri boýunça mugal-lyma, fransuz, rus, pars we türkmen dillerini bilýär. Olaryň ogly Benýa-min Gojuk ýokary bilimli, häzirki wagtda Magtymgulynyň goşgularyny aruz ölçeginde türkmen dilinden pars diline ussatlyk bilen terjime etmek bilen meşgullanýar [41]. Olardan beýik şahyr Hafiziň goşgulary bilen deň derejedäki çeperçiligi duýýarsyň.

2006-njy ýyldan başlap, Ý.Gojugyň tagallasy bilen „Ýaprak” Žurnalynda meniň birnäçe eserlerim pars dilinde çap edildi. Ilkinji nobatda, ýo-karda ady agzalan „Magtymguly Pyragynyň eserleriniň neşir ediliş taryhy” (2006.33-nji goýb. S.12–21) atly üsti ýetirilen makalam Eýranyň Ilçihanasynyň işgäri Ş.Çaryýewyň täze terjimesi boýunça çap edildi [53]. Aradan bir ýyl geçenden soň, 2007-nji ýylda „Köneürgenjiň orta asyrlar döwrüniň kitaphanalaryna” bagyşlanan makalam merkeziň işgäri, Azymguly Bogdäniň terjimesi boýunça „Ýaprak” (2007.36–37-nji goýb. S.7–13) neşir edildi [55]. Soňra, bu makala, gynansak-da, wagtyndan ir dünýäden öten, owganystanly meşhur türkmen ýazyjysy we Žurnalisti Abdyl Mejit Turanyň (1960–2008) tagallalary bilen „Güneş” (2007.â„– 3.S.26–40) atly Žurnalda we şeýle at bilen çykýan gazetiň alty sanynda yzly-yzyna çap edildi. Eýranda we Owganystanda bu işe bildirilen gyzyk-lanmalardan çen tutup, orta asyrlar döwründe Merwde we Gürgençde işlän meşhur kitaphanalaryň taryhy barada heniz bu ýurtlarda ýörite ylmy barlaglar işleri ýazylmandyr diýen netijä gelmek mümkin.

A.Bogdäniň meniň işlerimi pars diline terjime etmekde bitiren hyz-matlaryny aýratyn mähir we minnetdarlyk bilen belläsim gelýär. Ol örän medeniýetli, mylakatly, türkmen we eýran halklarynyň edebi mirasy ba-rada çuňňur düşünjeli, sowatly ýigit. A.Bogde eýranly türkmen immig-ranty hökmünde Türkmenistanda on ýyldan hem gowrak ýaşady we Eýranyň Ilçihanasynyň Medeniýet merkezinde işledi. „Köne türkmen basma kitaplarynyň bibliografiýasy” atly meniň monografiýam onuň terjimesi we A.M.Sarlynyň redaksiýasy we tagallasy bilen 2003-nji ýylda Gürgende 2000 nusgada neşir edildi [56]. Soň bu eser Eýranda ýene-de iki gezek gaýtalanyp neşir edildi. Olardan başga-da, A.Bogde meniň „Ilkinji türkmen çapçysy Atajan Abdal ogly (1856-1927)” [57], „Hydyr-guly Wepaýynyň „Yslamyň nury” poemasynyň neşir ediliş taryhy” [58], „Beýik soltan Togrul beg we halyfatyň kitaphanalary” [60], „Mirzahyt Mirsyddyk oglunyň neşir eden kitaplary” [61] ýaly makalalarymy pars diline terjime etdi we olar neşir edildi.

Eýranyň we Orta Aziýanyň halklarynyň yslamdan öňki döwürdäki kitaplarynyň taryhyna bagyşlap ýazan birnäçe makalalarymy asly eýranly Türkmenistanyň YA-nyň Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat insti-tutynda köp ýyllaryň dowamynda işlän meşhur türkmen alymy Aşyrpur Meredow (1925–2009) terjime edip, neşir edipdir [62].

„Köneürgenjiň orta asyrlar döwrüniň kitaphanalary” atly makalam pars diline iki gezek terjime edilipdir. Birinji gezek, ol A.Bogde tarapyn-dan ýerine ýetirilip, ýokarda bellenişine görä, Eýranda we Owganystanda (iki gezek) çap bolup çykypdyr. Soňra, bu makalanyň üsti ýetirilen görnüşi owganystanly türkmen alymlary Çary Muhammetjuma we Hudaýberdi Muhammet Emin dagylar täzeden terjime edipdirler.

 

 

Taryh ylymlarynyň doktory Almaz Ýazberdiýewiň “Türkmenistan bilen Eýranyň kitap alyş-çalyş işiniň taryhyndan”  atly ylmy işden bir parça. Ylmy işiň dowamy bar. Ylmy işiň öňki parçalary saýtymyzda geçen günlerde ýerleşdirildi. Ylmy iş okalan wagtynda yzygiderligi gazanmak üçin, şol parçalaryň saýta ýerleşdirilen senesine görä okamak maslahat berilýär.

Ýene-de okaň

Daşkent şäherinde “Magtymguly Pyragy” çeper filminiň premýerasy boldy

Ata Watan Eserleri

Eýranda maliýe özgertmeleri: pul birligi çalyşýar

Türkmen-özbek söwda dolanyşygy 1 milliard dollardan geçdi

Türkmen kinoçylary Täze ýyl üçin täze filmler döredýär

Ukrain boksçy Usik Taýson Fýurini ýene-de ýeňdi

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury

Bilim – üstünligiň binýady

Ata Watan Eserleri

Arkadagyň ýoly — parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly

Täze ýyl arçasyny bezemegiň düzgünlerini berjaý edeliň!

Hytaý emeli adada dünýäniň iň uly howa menzilini gurar

Aşgabatda Eýranyň Ýalda baýramçylygy bellendi

Kuraş sporty Yslam raýdaşlyk oýunlarynyň sport maksatnamasyna goşuldy

Ata Watan Eserleri

“Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan” demirýoluň gurluşygyna başlanýar

Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat

Ata Watan Eserleri

Özbegistan Respublikasynyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň we Malaýziýanyň uniwersitetleri hyzmatdaşlyk eder

“Financial Times” Donald Trump-y ýylyň şahsyýeti yglan etdi

Özbegistan 300 taslama üçin 43 milliard dollar gönükdirer

Döwrüň öçmez çyragy — söz ussady Pyragy

Ylymlaryň şasy – matematika