BIZNES

Nebitiň önümçilik mukdarlary artdyrylar

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň öňünde durýan wezipeler barada durup geçip, nebitiň çykarylýan möçberlerini artdyrmagyň, nebiti gaýtadan işleýän kärhanalaryň doly güýjünde işledilmeginiň, suwuklandyrylan gazyň we beýleki önümleriň öndürilýän mukdaryny köpeltmegiň zerurdygyny belledi.

Milli Liderimiz bu ugra degişli ylmy düzümleriň wekilleriň gatnaşmagynda alymlar bilen bilelikde maslahat geçirip, bar bolan meseleleri ara alyp maslahatlaşmak, nebitiň baý gorlary bolan geljegi uly känleriň mümkinçiliklerini seljermek, şeýle hem “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň we “Türkmennebit” döwlet konserniniň öňünde durýan wezipeleri ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşmagy tabşyrdy.

 

Sentýabr aýynda 4 bina ulanmaga berler

Ýene-de okaň

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder