Ýurdumyzyň depginli ösüşini üpjün etmek üçin nebitgaz senagatynyň kuwwatlyklaryny netijeli peýdalanmak hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän syýasatynyň möhüm ugrudyr.
Nebitgaz toplumynyň hemmetaraplaýyn ösüşine ägirt uly maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär. Häzirki döwürde ýurdumyz dünýäniň ähli gyzyklanma bildirýän döwletleri, öňdebaryjy tehnologiýalara eýe bolan iri daşary ýurt kompaniýalary, şeýle hem maýa düzümleri we halkara guramalar bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýýar. Bilelikdäki taslamalaryň ykdysady taýdan bähbitliligi, durmuş ähmiýeti we ekologiýa howpsuzlygy hyzmatdaşlygyň esasy ýörelgeleri bolup durýar.
Nebitgaz pudagyndaky halkara hyzmatdaşlygynyň has-da işjeňleşýändigini türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyran resmi sapary hem aýdyňlygy bilen ýüze çykarýar.
Bu saparyň çäklerinde ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary Abu-Dabiniň ösüş gaznasynyň, «Masdar», Abu-Dabiniň Milli nebit kompaniýasynyň we Abu-Dabiniň port kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirdiler. Duşuşyklaryň çäklerinde gatnaşyklaryň möhüm meseleleri bilen bir hatarda, maýa goýum, ýangyç-energetika, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmek, şeýle-de port düzümlerini ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşdylar.
Duşuşyklaryň çäklerinde “Türkmengaz” döwlet konserni bilen Abu-Dabiniň Milli nebit kompaniýasynyň (ADNOС) arasynda energetika pudagynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
Şol bir wagtda Gahryman Arkadagymyzyň bu saparynyň netijeleri boýunça Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleri Bilelikdäki Jarnamasy kabul edildi. Bu Jarnamada iki ýurduň arasynda esasan hem nebitgaz we energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmäge uly orun berlipdir.
Birleşen Arap Emirlikleriniň iri nebitgaz kompaniýalarynyň Türkmenistandaky ägirt uly «Galkynyş» gaz käniniň nobatdaky tapgyrlaryny özleşdirmäge işjeň gatnaşmagy, Türkmenistanda geljegi uly energetika taslamalarynyň mümkinçiliklerini öwrenmekde, uglewodorod serişdelerini bilelikde işläp geçmekde, soňra önümleriň marketing bilen, şeýle hem gaz-ulag düzümlerini ösdürmek boýunça degişli hyzmatdaşlyklaryň has-da berkidilmegi ugrunda möhüm çözgütler kabul edildi.
Umuman, amala aşyrylýan özgertmeler ähli gyzyklanma bildirilýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol sanda milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolan nebitgaz toplumynda ýola goýulýan gatnaşyklar özara peýdaly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek üçin ägirt uly mümkinçilikleri açar.
Tebigy gazyň ykrar edilýän gorlary boýunça Türkmenistan dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýär we Merkezi Aziýa sebitinde “mawy ýangyjy” eksport edýän esasy ýurtlaryň hataryna girýär. Amatly geosyýasy ýagdaýy we uglewodorod serişdelerine baý bolan ýurdumyz dürli ugurlarda, şol sanda Ýewropa we Aziýa bazarlary boýunça gazyň eksportyny artdyrmak üçin ägirt uly mümkinçiliklere eýedir.
Ýurdumyzda nebitiň we gazyň çykarylyş derejesini saklamak netijeli tehnologiýalary we känleri işläp taýýarlamagyň täzeçil usullaryny ulanmak arkaly üpjün edilýär. Şunuň bilen baglylykda, daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk işjeň ösdürilýär.
Hususan-da, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda benzin önümçiligi boýunça gurnama, ýokary dykyzlygy bolan polietilen we dürli görnüşli polipropilen öndürýän Gyýanlydaky polimer zawody, şeýle hem Ahal welaýatynyň çäginde gurlan tebigy gazdan benzin öndürýän dünýäde ilkinji kärhana Ýaponiýanyň we Koreýa Respublikasynyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň we banklarynyň gatnaşmagynda gurlup ulanmaga berildi. Bu kärhanalaryň önümlerine bolan isleg artýar we olaryň eksport ugurlary giňelýär.
Sapar Bahtiýarow,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Nebitiň we gazyň geologiýasy hünäriniň 2-nji ýyl talyby.
