SIZDEN GELENLER

Nebitgaz pudagy we onuň geljegi

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi ös­dür­mek­de, hal­ky­my­zyň aba­dan dur­mu­şy­ny üp­jün et­mek­de uly iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar.

«Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýur­du­my­zy 2022 — 2028-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­syn­da» göz öňün­de tu­tu­lan we­zi­pe­le­ri 2023-nji ýyl­da üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­tir­mek mak­sa­dy bi­len ka­bul edi­len bir ýyl­lyk Mak­sat­na­ma­da hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­ni has-da ýo­kar­lan­dyr­mak, dur­muş go­rag­ly­ly­gy­ny we iş üp­jün­çi­lik ul­ga­my­ny kä­mil­leş­dir­mek, ýur­du­my­zyň dur­muş-yk­dy­sa­dy ösüş müm­kin­çi­lik­le­ri­ni giň­den ulan­mak, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­tiň se­na­gat­laş­ma de­re­je­si­ni pug­ta­lan­dyr­mak ýa­ly me­se­le­ler äh­mi­ýet­li or­ny eýe­le­ýär.

Aý­dyň we­zi­pe­le­riň göz öňün­de tu­tu­lyp, mak­sat­la­ýyn iş­le­riň ama­la aşy­ryl­ma­gy özü­niň oňat ne­ti­je­si­ni ber­ýär. Şo­nuň üçin hem öň­de dur­ýan we­zi­pe­le­riň äh­li­si ýur­du­myz­da Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­nyň üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ma­gy­ny ga­zan­ma­ga gö­nük­di­ri­len­dir.

Hä­zir­ki aja­ýyp döw­rü­miz­de dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän iş­le­riň her bi­ri hal­kyň bäh­bi­di­ne we ýur­du­my­zyň mun­dan beý­läk hem ös­dü­ril­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len­dir. Şun­da san­ly ul­ga­myň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ni, önüm­çi­li­giň has-da ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy­ny bel­le­mek bo­lar. Bu ugur­la­ryň her bi­ri ba­bat­da mak­sat­na­ma­la­ýyn iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar we mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň ösü­şi­ne uly go­şant go­şul­ýar.

Ine, şol maksatnamalardan ugur alyp, nebitgaz pudagyny hem ösdürmek ugrunda giň tagallalar edilýär. Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň nebitgaz senagatynyň işleriniň barha ilerleýändigini we guwandyryjy zähmet üstünlikleriniň gazanylýandygyny bellemek juda ýerliklidir.

Şu ýylyň 2 aýynda dizel ýangyjyny öndürmek boýunça meýilnamanyň 100,8 göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasynyň 105 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasynyň bolsa 110,7 göterim ýerine ýetirilendigi, tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy 105,3 göterim amala aşyrylandygy guwandyryjy netijeleriň käbiridir.

Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryndan ugur alnyp, täze nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we iri maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmak maksady bilen, dünýä belli daşary ýurt kompaniýalaryny hem-de daşyndan maýa goýumlary çekmek boýunça zerur çäreleri görmek, pudaga häzirki zaman tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak babatda degişli işler alnyp barylýar.

Döwlet Baştutanymyzyň parasatly görkezmeleri esasynda pes uglerodly energetikany ösdürmek, şol sanda wodorod energetika ulgamyny döretmek ugrunda hem uly işler alnyp barylýar. Bu ugurda ýaňy-ýakynda biziň uniwersitetimizde «Tebigy gazdan wodorod energiýasyny almagyň ylmy-tehniki mümkinçilikleri» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Onda daşary ýurtly alymlar «Türkmenistanyň wodorod energiýasy babatda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça 2022-2023-nji ýyllar üçin «Ýol kartasy» esasynda uniwersitetde döredilen «Wodorod energetikasy» merkezinde alnyp barylýan ylmy-barlag işlerine ýokary baha berdiler.

Batyr Baýramow,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara Nebit we gaz uniwersitetiniň

Geologiýa fakultetiniň Geologiýa we geohimiýa kafedrasynyň

Nebitiň we gazyň geologiýasy hünäriniň 2-nji ýyl talyby. 

Ýene-de okaň

Sport saglygyň gözbaşy

Mekdebe çenli bilim: geljegiň binýady

Türkmen halk döredijiligi: milli ruhumyzyň çeşmesi

Bitaraplyk-mukaddes gymmatlyk

Energetika howpsuzlygy – ýangyç-energetika toplumynyň möhüm ugry

Ýangyç-energetika toplumy — ykdysady ösüşiň binýady