SIZDEN GELENLER

Nebitgaz pudagy – geljegi uly senagat

Eziz Diýarymyzda 14-nji dekabr — Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni hökmünde giňden bellenilip geçilýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşinde nebitgaz senagatynyň we geologiýa işgärleriniň saldamly goşantlary bardyr. Bu gün hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny giň gerim bilen ösdürmäge we onuň halkara energetika ulgamyna işjeň goşulyşmagyna gönükdirilen syýasat üstünlikli durmuşa geçirilýär. Geçip barýan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem nebitgaz pudagyny ösdürmek, nebiti we tebigy gazy gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen täze, döwrebap toplumlary gurmak, geologiýa-gözleg işlerini kämilleşdirmek bilen bagly işlere möhüm ähmiýet berildi.

Ýurdumyzda nebitgaz senagaty diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilýär. Ýangyç çig mal serişdelerini gaýtadan işleýän desgalar gurlup, öň bar bolanlarynyň kuwwatlylygy ýokarlandyrylýar. Sarp edijileriň islegleri nazarda tutulyp, nebitgaz önümleriniň daşary bazarlara ugradylyşy barha artdyrylýar. Welaýatymyzyň çäklerinde ýangyç çig mal serişdeleriniň toplanan ýerasty gatlaklaryny ýüze çykarmakda, tebigy ýataklaryň ýerasty gurluşyny ylmy esasda öwrenmekde, öňdebaryjy tilsimatlara we ylmyň gazananlaryna daýanyp, olary senagat taýdan özleşdirmekde geologlar maksada okgunly işleri alyp barýarlar. Şeýlelikde, öz işlerine ussat geologlar milli ykdysadyýetimiziň nebitgaz pudagyny durnukly ösdürmek babatda kabul edilen döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli berjaý edilmegine mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

Eziz Diýarymyzda ýangyç çig mal serişdelerini gaýtadan işleýän dürli önümçilik desgalaryny gurmaga hem uly üns berilýändigi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Bu gün Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda «gara altyny» gaýtadan işlemekde, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply nebit önümleriniň öndürilýän mukdaryny artdyrmakda hem-de olaryň görnüşlerini köpeltmekde netijeli işler durmuşa geçirilýär. Öňdebaryjy serişde tygşytlaýjy we ekologiýanyň talaplaryna doly laýyk gelýän tehnologiýalary ulanmak bilen, zawodlar toplumynda öndürilýän dürli nebit önümlerine daşarky bazarlarda hemişe uly isleg bildirilýär. Şolaryň hatarynda suwuklandyrylan gazy, ýokary oktanly benzinleri, uçar we dizel ýangyçlaryny, çalgy ýaglaryny, koks, bitum, polipropilen we beýleki önümleri görkezmek bolar.

Ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny ösdürmekde daşary ýurt kompaniýalary bilen alnyp barylýan özara hyzmatdaşlygyň geriminiň barha giňeýändigini hem bellemek gerek. Şonuň esasynda-da uglewodorod serişdelerine örän baý bolan Diýarymyzyň tebigy baýlyklaryny dünýä bazarlaryna çykarmak ugrundaky ägirt uly işler uly rowaçlyklara beslenýär. Dünýäde uglewodorod serişdeleriniň gorlary boýunça öňdäki orunlaryň birini eýeleýän Türkmenistan özüniň tebigy baýlyklaryny, ilkinji nobatda, türkmen halkynyň, şonuň bilen birlikde hem, Ýer ýüzüniň halklarynyň bähbidine gönükdirmekde we sebitde ykdysady durnuklylygy üpjün etmekde taýsyz tagallalary edýär.

Ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň geljekde hem depginli ösmegini gazanmakda bu ugurda ýaş hünärmenleri taýýarlap ýetişdirmek esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen biziň ýokary okuw mekdebimizde bu wezipäniň üstünlikli amala aşyrylmagy üçin uly tagallalar edilýär. Nebitçilik ugrundan bilim alýan talyplarymyzyň geljekde ökde hünärmenler bolup ýetişjekdiklerini olaryň sapaklary özleşdirmäge bolan yhlaslaryndan, höweslerinden bilmek bolýar.

Selbiniýaz Alçekowa, 

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň

Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň 2NGPYD “B” toparynyň talyby. 

Ýene-de okaň

Magtymguly Pyragy-dünýä şahyry

Dil bilen dünýä giňişligine açylýarys

Ylym we bilim – ösüşleriň ganaty

Hakyda göwheri – şöhratly mirasyň beýany

Milli däp-dessurlarymyz – terbiýe ojagy

Milli lybaslarymyz – milli buýsanjymyz