MEDENIÝET

Narendra Modi “Gremmi” baýragyna dalaşgär görkezildi

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modiniň gatnaşmagynda “Darynyň bereketi” atly aýdym 2024-nji ýylda “Gremmi” baýragyna dalaşgär görkezildi. Bu barada Hindistanyň neşirleri habar berýär.

Hindistanyň hökümetiniň baştutany “Global derejede iň gowy aýdym-saz çykyşy” kategoriýasynda dalaşgär görkezildi. Narendra Modiniň gatnaşmagynda taýaýrlanan aýdym Falu hem-de Gauraw Şah tarapyndna ýerine ýetirilýär. Bu aýdym ilkibaşda Halara dary gününe bagyşlanyp taýýarlanypdy.

Köp ýyllaryň dowamynda dary Hindistanyň esasy azyk iýmiti bolupdy. Ýöne kem-kemden ol ikinji derejä düşüp, onuň ornuny bugdaý we tüwi eýeledi.

Dary babatda döredilen aýdym aslynda dünýäde açlygy ýeňip geçmekde bu oba hojalyk ekininiň hem ornunyň uludygyny düşündirmekden ybarat bolupdy.

Bu aýdymyň sözleri Narendra Modi bilen bilelikde düzüldi we ýerine ýetirildi. Munuň bilen ýurduň daýhanlaryny dary ösdürip ýetişdirmegi höweslendirmek göz öňünde tutulýar.

 

Ýene-de okaň

“Galkynyş” topary welaýatlarda çykyş ederler

Türkmenistanda mart aýynda geçiriljek esasy çäreler

“Titanigiň” gahrymany ilkinji gezek režissýorlyk eder

Kino dünýäsiniň BAFTA baýraklary gowşuryldy

Ýurdumyzyň iň gowy etrabyna Türkmenistanyň Prezidentiniň baýragy gowşuryldy

Ahyrky garagyş döwri başlandy