DÜNÝÄ

Nagt däl töleg etmek maslahat berilýär

“Neýtralnyý Türkmenistan” gazetinde ýerleşdirilen bildirişde Türkmenistanda tölegleriň häzirki zaman hyzmatlaryndan, ýagny, internet banky, elektron söwda, galtaşyksyz töleg ýaly hyzmatlardan peýdalanmak maslahat berildi. Bu ugurda Türkmenistanda milli ykdysadyýeti sanlylaşdyrmak babatda köp sanly işleriň geçirilendigi bellenilip geçildi.

Bildirişde nagt däl töleg görnüşi tölegleri çaltlaşdyrmaga, gije-gündiz artykmaçlyklardan peýdalanmaga kömek edýär we saglyk taýdan howpsuzlygy üpjün edýändigi mälim edildi.

Türkmenistanyň Merkezi Banky nagt däl tölegleriň ähli amatlyklaryny ulanmaga çagyrýar. Nagt pul almak üçin bankmotyň hyzmatlaryndan peýdalanylanda lukmançylyk agyz-burun örtüklerini dakynmak,  nobata durlanda 2 metrlik howpsuz aralygy saklamak maslahat berilýär.

Bu maslahatlary ýerine ýetirmek bilen raýatlaryň saglygyny gorajakdygy we olar üçin döredilen bank hyzmatlaryndan doly peýdalanjakdygy mälim edilýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilim ministriniň Pariž şäherinde ÝUNESKO-nyň Baş direktory bilen duşuşygy

«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň resmi web-saýty işläp başlady

Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana saparyny guramak maslahatlaşyldy

Ýewropa Komissiýasynyň wekiliýetiniň Aşgabada sapary

Türkmenistan bilen Gazagystan aragatnaşyk ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirer

Türkmenistanyň ilçisi Ýaponiýada çagalar festiwalyna gatnaşdy