SIZDEN GELENLER

“Mylly agaň goýnunda saýran dutarym”

Türkmenler tut agajyna gadymdan bäri sarpa goýýarlar. Ýurdumyzda halkymyz üçin edilýän işlerde agaç zolaklaryny goramak we olary köpeltmek hakynda edilýän aladalar häzirki döwürde ilkinji nobatda durýar. Tut agajy bolsa türkmen halkynyň iň söýgüli agajy hökmünde dessanlarymyzda ýer alan, ussatlaryň golundan çalnan dutaryň kök- damarydyr. Tut agaçlary senetkärçilik babatda hem gymmatly hasaplanylýar. Biziň ýurdumyzda tutdan milli saz gurallary ýasalýar. Örän berk, dykyz hem-de agyr häsiýete eýe bolan tut agaçlary gurluşykda we neçjarçylykda köp ulanylýar. Dogrusy bu agaçda gudrat bar. Ol agaçdan ýasalan dutarlar başgaça saýraýar, bilibilleriň ussatlygy ýaly, onuň tarlaryna elleriňi degireniňden göýäki Mylly aganyň barmaklary şol perdelere urmak üçin tut agajyny saklap oturana meňzedýärsiň. Orta Aziýa sebitlerinde tut şa agaç, onuň miwesi bolsa şatudana hasaplanylýar. Tut agajynyň ähmiýeti örän uludyr. Halkymyzyň ony monjugatdylarda, ýaşylmaçlarda, lälelerde adyny getirmegi hem özüne ýakyn görýänligi üçindir. Tut agajy köp halatlarda seýilgähleriň bezegi hökmünde ulanylýar. Şäherleriň köçelerinde, seýilgählerde we dynç alyş zolaklarynda tut agajy köpçülikleýin ekilýär. Şahalarynyň öz wagtynda kesilmegi netijesinde, agaçlar gyş döwründe hem bezeg görnüşindäki durkuny saklap galýar. Tut agajynyň türkmen halky üçin ähmiýeti örän uludyr. Saz gurallaryny ýasamak üçin ýörite ösdürilip ýetişdirilýän tut agaçlaryna bolsa, türkmenler aýratyn gudratly agaç hökmünde garapdyrlar. Biziň günlerimizde hem ülkämiziň ekologiýa abadançylygyny saklap galmak üçin bag ekmek çäresinden hiç kim çetde durmaýar. Şunda milli özboluşlylygyň aýratynlyklary hem öz beýanyny tapýar. Şu bag- bakjalaryň içinde bolsa, tut agajynyň hem ähmiýeti ýokarydyr. Şeýlelikde tut agajynyň ähmiýetini saklamak üçin türkmen halky asyrlardan häzirki günlerimize çenli milli senedimize sarpa hem- de tut agajynyň ýüpek gurçugyna berilip, ondan ýüpek alynmagyny göz öňüne tutup, juda gudratly miras agajy hökmünde garaýar. Şol sebäpli hem topragymyzyň üstünliklere beslenýän gök guşak syýasatynda ilkinji nobatda tut agajyny ekmek bolsa, milli buýsançlarymyzyň birine öwrüldi.

Daýanç Mätnazarow,

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň

 Iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň 3-nji ýyl talyby

 

Ýene-de okaň

Kämil bilim — ösüşleriň gözbaşy

Mukaddes bedew – milli mirasymyz

Ýylyň şygary – üstünlikleriň açary

Ýylyň şygary — täze ýeňişlere badalga

2026-njy ýylyň şygary – üstünlikleriň gözbaşy

Saglyk ömrüň girewidir