BIZNES

Müsürde wodorod energetikasy bilen işlejek köp gatly bina gurar

Saud Arabystanynyň gözegçiligindäki kompaniýa 2025-nji ýylda Müsüriň täze paýtagtynda 55 gatly edara binasyny gurmagy meýilleşdirýär. Bu edara binasynyň energiýa üpjünçiliginiň agramly bölegi wodorod energetikasyndan alnar.

Taslamanyň bahasy 1 milliard dollara barabar bolar. Ol durnukly ykdysadyýet, durnukly durmuş hem-de durnukly önümçilik ýörelgsiniň myasly bolar.

Köp gatly binanyň gurluşygyny “Rawabi Holding” senagat toparynyň golçur kärhanasy “Magnom Properties” kompaniýasy alyp barar. Bu bina “Forbes” media toparynyň sargydy boýunça gurlar. Ol hem “Forbes International Tower” adyny alar. “Forbesiň” ilkinji täçirjilik köp gatly binasy boljak bu kaşaň binanyň otaglary kireýne brler.

Binanyň daşy Gün panelleri bilen örtüler we ol hem binanyň elektrik üpjünçiliginiň 25 göterimini üpjün eder. Bu taslama saud kompaniýays üçin ilkinji synag bolar. Soňra kompaniýa şeýle binany Dubaýda we Er-Riýadda gurmagy meýilleşdirýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder