MEDENIÝET

Mustafa Sandal we ýyldyz aýdymçylar Türkmenistanda konsert berer

Her ýyl Täze ýylyň öňüsyrasynda paýtagtymyz Aşgabatda ýerli we daşary ýurtly aýdymçylaryň gatnaşmagynda konsertler guralar. Üstümizdäki ýylda hem daşary ýurtly köp sanly aýdymçylar konsert bererler.

Paýtagtymyz Aşgabatdaky Gyşky oýunlar sport toplumynda Türkiýeden Mustafa Sandal we Irem Deriji, Russiýadan Dima Bilan, Nýuşa we Joni ýaly aýdymçylar çykyş ederler.

“Türkmenportal” neşiriniň habaryna görä, daşary ýurtly aýdymçylaryň konsertleri 25-nji dekabrda başlar. Ilki bilen Nýuşa türkmen muşdaklaryna özüniň halanýan aýdymlary bilen konsert berer.

Şeýle hem şol gün Dima Bilan çykyş eder. Türkiýäniň adymçylary Irem Deriji gündiz, agşam bolsa, Mustafa Sandal çykyş eder. Olaryň konserti 26-njy dekabrda geçiriler.

27-nji dekabrda bolsa Joni özüniň ilkinji Türkmenistandaky konsertine gatnaşar.

Konsetleriň tertipnamasyna laýyklykda, olarda rus hem-de türk aýdymçylary çykyş ederler:

  • 25.12.2022 ý. Russiýanyň estrada aýdymçysy Nýuşa Şuroçkina, 15:00;
  • 25.12.2022 ý. Russiýanyň estrada aýdymçysy Dima Bilan, 19:00;
  • 26.12.2022 ý. Türkiýäniň estrada aýdymçysy Irem Deriji, 15:00;
  • 26.12.2022 ý. Türkiýäniň estrada aýdymçysy Mustafa Sandal, 19:00;
  • 27.12.2022 ý. Russiýanyň estrada aýdymçysy «Jony» lakamy bilen tanalýan Jahid Afrail ogly Hüseýnli, 19:00.

Petekler ertir — 21-nji dekabrda Gyşky oýunlar sport toplumynyň kassasynda satuwa çykarylar. Giriş tölegi bir adam üçin 100 manat.

Ýene-de okaň

Aşgabatda «Iň eýjejik gyzjagaz — 2026» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk konserti

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda Halkara zenanlar güni mynasybetli geçiriljek dabaralar

Aşgabatda Hytaýyň Bahar baýramyna bagyşlanan dabaralar geçirildi

«Kompozitor» kinofilminiň nobatdaky halkara baýragy

«Kompozitor» atly film TÜRKSOY tarapyndan ýörite baýraklara mynasyp boldy