TEHNOLOGIÝA

Müşderileriň sany artdy

“cnTechPost” portaly, Hytaý Halk Respublikasynyň iň uly öýjükli operatorlary bolan “China Telecom” we “China Mobile”, 150 milliondan gowrak birikdirilen müşderileriniň bardygyny habar berdiler. Hytaýyň Maglumat we aragatnaşyk tehnologiýa akademiýasy gözleg geçirdi, gözlegiň netijesi boýunça 2019-njy ýylda we 2020-nji ýylyň ilkinji sekiz aýynda, ýurtda 5G ulgamy bolan akylly telefonlaryň sany 107 million ýetdi diýip, habar berdiler. Şeýlelik bilen, müşderleriň köpüsi operatoryň hyzmatlaryndan doly peýdalanmaýandyklary sebäpli, öýjükli ulgamlaryň operatorlary tarapyndan yglan edilen 5G ulgamy ulanyjylarynyň sany, bu tehnologiýanyň goldawy bilen satylan akylly telefonlarynyň sanyndan köpdür. Häzirki wagtda Hytaý döwleti aragatnaşygy güýçlendirmek üçin uly işleri alyp barýarlar. Dünýä bazarynda Hytaýyň “ZTE” we “Huawei” kompaniýalary 5G ulgamly ornaşdyrmak boýunça öňdäki orunlary saklap gelýär. Şeýle hem ykjam aragatnaşyk hyzmatlarynda bolsa Hytaý döwleti öňdebaryjylygyny saklap galýar.

Sport Sahypamyz

Ýaşlarymyzyň iň köp okaýan habarlarynyň arasyndan sport habarlary uly meşhurlyga eýedir. Ýaşlar bu sahypa Siziň üçin!

Ýene-de okaň

Dubaýda sürüjisiz taksiler synag tertibinde işläp başlady

Ata Watan Eserleri

Hytaýda ilkinji emeli aňly ýol gözegçisi işe girizdi

Belarus 2029-2030-njy ýyla çenli raýat uçaryny döretmegi meýilleşdirýär

BMG: dünýäde internet ulanyjylarynyň sany 6 milliarddan geçdi

Aşgabat-Astana: Merkezi Aziýada täze sanly ýollar dörediler

Awstraliýada 16 ýaşdan kiçi çagalar üçin jemgyýetçilik torlar gadagan edildi