SIZDEN GELENLER

Multfilm gahrymanlary näme üçin 4 barmaklyka?

Çagalyk döwrümizde uly söýgi bilen gören multfilmlerimizdäki bolan täsin maglumat bilen tanyş bolalyň! Eýsem, şol multifilmdäki gahrymanlaryň ählisiniň diýen ýaly ellerinde dört barmak barka?

Önümçilik dünýäsinde häzir tehnologiki serişdeler köp, ýöne öňki döwür bilen deňeşdireniňde häzirki ýaly däl. Öňler multiflm gahrymanlarynyň her hereketi el bilen, birin-birin çyzylýar eken.

Dogrusy, suratkeşler şol döwürde dört barmak bilen simwollary çekmegi tygşytlaýjy hasaplapdyrlar. Mundan başga-da, tygşytlanan wagt önümçilik kompaniýalarynyň çykdajylaryny azaltmaga mümkinçilik döredipdir.

«Barmagy çekmek kyn bolup bilermi?» diýip, pikir edip görüň! Ýöne bäş barmak bilen çyzylan eli şekillendirmek we barmaklaryň ululygyny sazlamak pikir edişiňiz ýaly aňsat bolman biler. Başga bir sebäbe görä, adatça haýwan bolan multfilm gahrymanlary üçin dört barmak ýeterlik hasaplanypdyr. Elbetde, häzirki wagtda bu ýagdaý düýbünden üýtgedi. Ähli zatlar häzirki wagtda tehnologiki taýdan has ösendir. Şeýle-de bolsa, multfilm gahrymanlarynyň aglabasynyň ellerinde henizem dört barmaklylaryna duş gelmek bolýar.

Zinfira ŞERALIÝEWA,

S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň

Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň

Buhgalterçilik hasaba alnyşy hünäriniň 209-njy toparynyň talyby.

Ýene-de okaň

Nebitgaz pudagy: ykdysady syýasatyň esasy ugry

Ýylymyzyň şygary-ýolumyzyň çyragy

Döredijilik äleminiň gapysy: surat we çyzuw

Türkmen dili-milli guwanjymyz we ruhy hazynamyz

Energetika howpsuzlygy-durnukly ösüşiň kepili

Nebitgaz pudagy – ykdysadyýetiň daýanjy

Ata Watan Eserleri