Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Türkmen halkynyň milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda türkmen halkynyň medeni baýlyklaryny öwrenmek, dünýä ýaýmak, gaýtadan dikeltmek, aýawly saklamak, ösdürmek we peýdalanmak çygryndaky jemgyýetçilik gatnaşyklaryny kämilleşdirmekde, raýatlaryň medeni durmuşa gatnaşygynda işjeňligi gazanmakda, ruhy gymmatlyklara bolan isleglerini kanagatlandyrmakda we medeniýet babatdaky döwlet syýasatynyň hukuk, ykdysady, durmuş we guramaçylyk esaslaryny döwrebaplaşdyrmakda toplumlaýyn işler üstünlikli alnyp barylýar. Türkmen halkynyň milli-medeni özboluşlylygynyň ölçeg gymmatlyklarynda we taryhy-jemgyýetçilik hakykatlary çeper keşplerde janlandyrmakda aýdym-saz sungaty uly orny eýeleýär. 2021-nji ýylyň dekabr aýynda Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçirilen ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasy goramak boýunça Hökümetara komitetiniň 16-njy mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça ,, Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty’’ atly taryhy hödürnama ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna goşuldy. Döwürleriň ahlak, dil, gözellik taglymatlatyny, folklor, amaly-haşam halk senetlerini, edebiýat we sungat eserlerini , ählumyumy zähmet medeniýetinden kemal tapýan hyrydary, hümmeti egsilmejek nusgalary, miraslary wasp, wagyz etmekde, watançylyk duýgularyň milli gymmatlyklarynyň terbiýelemeginde bagşylaryň görelde mekdebi jemgyýetde uly hyzmaty ýerine ýetirýär. Geçmişde mukaddes ata watanymyzda medeni, maddy we ruhy gymmatlyklaryň täze görnüşlerini döretmek, milli saz gurallarynyň dürli nusgalarynda söz senediniň dürdänelerini aýdym edip aýtmak, türkmen halkynyň medeni mirasyny toplamak, düşündirmek we halka ýaýmak bilen bagly ählumumy işlere uly goşant goşan döredijilik ussatlaryň onlarçasy ýaşap geçipdir. Şolaryň biri hem Hally bagşydyr. Ählihalk söýgüsini, ezizligini we sarpasyny gazanan mukam bagynyň bilbili Hally bagşy 1859-1943-nji ýyllar aralygynda yklymlaryň medeni, ylmy, sport diplomatiýasynyň merkezine, arassa daşky gurşaw we ekologiýa syýasatyny üpjün etmekde hem-de parahatçylyk söýüji maksatlary we meýilleri dabaralandyrmakda halkara derejesinde şöhratlanýan ýurdumyzyň esasy hukuk-dolandyryş merkezinde-paýtagtymyzda ýaşap geçýär. Öz döwründe aýdym-saz sungatynyň ahal mekdebiniň iň uly, görnükli we meşhur wekili hökmünde ykrar edilip sazandarlaryň, gara gazmaly tamdyra, gyjaga we gargy tüýdüge dil bitiren ussatlaryň onlarçasyny terbiýeläp ýetişdiren Hally bagşy öz döwründe doglan ýeri boýunça ,,Köşüli bagşy’’ ady bilen hem hatyralanypdyr. Ol mertebeli ykbalynyň irki ýyllarynda ylmyň horjun-horjun göwherlerini, edebi mekdepleriň çuwal-çuwal merjenlerini we ýazuw senediniň gymmatlyklaryny özbaşdak öwrenmek bilen köplerden öte ýatkeşligi, çeper poeziýa sözleýiş ukyby, çuňňur, hyjuwly, düşbi döredijilik ymtylyşlary, hyýallary, üşükli nazarlary, höwesli, erjel, tutanýerli, ünsli, akylly pikir ýörediş başarnyklarynyň köptaraply häsiýetleri we maksatly, aýgytly, netijeli, dykgatly, özüneçekiji, adalatly, dostana çözgütleri çykaryp bilmek ahlagy, ylhamy bilen aýratyn tapawutlanmagy başarypdyr. XIX asyryň ýetmişinji we segseniji ýyllarynda bagşyçylyk sungatynyň ahal şahasynyň damana ýolunyň Mämmet bagşy, Ýegenoraz bagşy, Halmyrat bagşy ýaly halk saz gurallarynyň tanymal halypalaryndan tälim alan Hally bagşy ýaşlygynda ýakymly, dury, arassa, açyk, belent we labyzly sesleri bilen aýdym aýdyp köpleriň kalbyny gopsundyran arzyly toýlaryň, zynatly mähelläniň bezegine, abraýyna öwrülipdir. Çeperçilik sungatynyň taryhynda Hally bagşy görnükli dutar ussasy, ökde mergen, tanymal gyjakçy, tüýdük ýasamak senediniň meşhur wekili hökmünde tapawutlanmagyň hem göreldeli nusgalaryny görkezen ussat senetkär hasap edilýär. Saz bilen sözüň tebygy sazlaşygynyň guýmagursak şeýdasyna öwrülip owazly heňler bilen köpsanly muşdaklaryň teşneligini gandyran Hally bagşynyň repertuar goruny 50-ä golaý orta asyr şahyrlaryň 200-e golaý dürli ölçegli, bentli milli aýdymlaryň hazynalary bezäpdir. Sazlaryyň hikmetli dünýäleri bilen bagry badaşan Hally bagşy XIX asyryň ikinji ýarymynda XX asyryň başlarynda ýaşap geçen 20-ä golaý türkmen medeniýetiniň we sungatynyň öňdebaryjy döredijilik wekilleri bilen ýakyn aragatnaşyk saklapdyr. Milli medeniýetimiziň bagşyçylyk ugrunyň beýik sütünleriniň biri hökmünde ykrar edilýän Hally bagşynyň aýdym-saz mukamlarynyň täze nusgalaryny döretmekde, tamdyra senediniň goşa tarlaryna dil bitirip dutar çalmak sungatynda milli mekdebiň täze nesillerini terbiýeläp ýetişdirmekde, halypa-şägirtlik gatnaşyklaryny ösdürmekde taryhy hyzmatlary aýratyn uludyr. Bagşynyň ýetişdiren 10-dan gowrak şägirtleriniň dürli ýyllarda ýokary Döwlet sylaglaryna, hormatly atlara mynasyp bolmagy guwandyryjy wakadyr. Söz bilen sazyň jübütligi arkaly ynsan duýgularyny ruhlandyran Hally bagşynyň gözellige gönezlik bolan gelin-gyzlara degişli ,,Sallana’’, ,,Zülpüň seniň’’, ,,Saçyň’’, ,,Kim biler’’, ,,Teşnit’’, ,,Elden gider’’ we Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryndan 50-ä golaý aýdymlary gaýtalanmajak nusgada ýerine ýetiriş täsirliligi, tejribeleri, özüneçekiji öwrümli tilsimlerde, tärlerde, usullarda aýdyş ezberligi, zehiniň tebygy dogumlylygy, tutanýerliligi sungatyň altyn sahypalarynda joşgunly, söýülýän duýgular bilen durmuş sahnasynda hatyralanyp gelýär. Sungatyň soňlanmajak söhbetlerinde şägirtlerine Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyndan gurluşy, görnüşi, mazmuny we häsiýeti boýunça dürli möçberlerde aýdym aýtdyrmak arkaly ak pata bermek däbiniň başlangyjynyň rowaçalanmagynda Hally bagşynyň durmuş edermenligi, gaýratly zähmeti we merdana keşbi ilkinjileriň hatarynda dile alynýar. Sungatyň kämillik basgançaklarynda ölmez-ýitmez yz galdyran, ýaşy üç asyry arka atyp barýan Magtymguly Pyragynyň we Annagylyç Mätäjiniň hem-de XIX asyryň onlarça şahyrlarynyň eserleri, gazallary boýunça gazma dutaryň perdelerinden şirin owazlary almakda, taraşlanan heňleri sünnäläp çalmakda, olaryň ýaýrawyny giňeltmekde, näzik, nepis we nepes edilen kakuwly, çekiwli, tirme aýdymlary aýtmakda we dilden-dile, nesilden-nesle biziň bagtyýarlyk döwrümize gelip ýetmeginde Hally bagşynyň ady bagşylar halkasynyň tylla kerweninde kerwenbaşy senetkärleriň iň ussatlarynyň biri hökmünde mertebelenmäge mynasypdyr. Türkmen tamdyrasyny dillendiriş hereketlerinde gollaryň, sesleriň ussatlygyny däl-de, milletiň ýürek didaryny, kalp mährini, halkyň çeperçilik batyrlygynyň güýjüni, çuňlugyny, beýikligini, jadysyny, umumylygyny we mukaddesligini gören Hally bagşynyň kämil ozançylyk tejribeleri, sazandarlyk täzeçilligi we taryhy sahnadaky döredijilik mirasy saz tebygatynda melhem beriji lukmanyň ussatlygyna meňzedilýär. Türkmen halkynyň milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän ,,Ile döwlet geler bolsa’’, ,,Türkmen medeniýeti” atly kitaplarynda Hally bagşynyň döredijilik zehinini, durmuş ukybyny, ussatlyk mertebesini açyp görkezýän taryhy gymmatlyklara ýokary baha berilmegi kalbyňda watançylyk söýgüsini has-da kämilleşdirýär. Milli medeni baýlyklaryň, taryhy gymmatlyklaryň, ynsan zähmetiniň döredijilikli gözleglerinden kemala gelýän hazynalaryň döredilmegi, gaýtadan dikeldilmegi, aýawly saklanmagy, ösdürilmegi, ýaýradylmagy we peýdalanylmagy ugrunda atalyk aladalaryny edýän Hormatly Prezidentimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Türkmen halkynyň milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, mertebesiniň belent we döredijilik işleriniň täze üstünliklere beslenmegini arzuw edýäris!
Dädebaý Pälwanow, Görogly etrap häkimliginiň hünärmeni.