SPORT

Mourinýo “Fenerbahçe” topary bilen şertnamasyny ýatyrdy

Türkiýäniň “Fenerbahçe” futbol toparyy Çempionlar ligasynyň iki gezek ýeňijisi portugaliýaly Žose Mourinýo bilen baş tälimçi hökmünde şertnamany ýatyrdy. Bu barada klubyň metbugat gullugy habar berdi.

“Fenerbahçe” topary Çempionlar ligasynyň saýlama pleý-off tapgyrynda Portugaliýanyň “Benfika” toparyndan (0: 1) utuldy we ýaryşyň umumy tapgyryna gatnaşyp bilmedi.

“Fenerbahçe” toparynyň metbugat gullugy beýannamada “2024/25-nji möwsüminden bäri toparymyzyň tälimçisi bolup işleýän Žoze Mourinýo bilen şertnamany ýatyrdyk. Toparymyzyň ösüşine goşan goşandy üçin minnetdarlyk bildirýäris we geljekdäki karýerasynda üstünlik arzuw edýäris” -diýdi.

62 ýaşyndaky Mourinýo 2024-nji ýylyň iýunynda türk toparyna tälimçi wezipesine bellenipdi. Portugal hünärmen üçin 15 million öwez tölegi berler.

Ýene-de okaň

Enso Mareska Angliýanyň «Mançester Siti» toparynyň baş tälimçisi boldy

1/8 finala çykan ilkinji ýygyndy Kanada boldy

Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň oýunlaryna 999 futbolçy gatnaşdy

Dünýä çempionatynda 1/16 finalynyň duşuşyklary belli boldy

Messiniň nobatdaky rekordy

Dünýä çempionatynda 28 ýygyndy pleý-off tapgyryna çykdy