TESWIRLER

Mollanepes

Doglan ýeri: Sarahs

Doglan senesi: 1810-nji ýyl

Aradan çykan senesi:1862-nji ýyl

Bilimi: Mary medresesi, Buhara Mämmetşeribiň we damylla Ärnazaryň medresesi.

Gysgaça maglumat: XIX asyr türkmen nusgawy edebiýatynyň nusgawy edebiýatynyň iň meşhur söz ussatlarynyň biri Mollanepesdir. Ol özüniň ýiti duýguly, mähir-muhabbetden doly eserleri bilen türkmen şygryýetini baýlaşdyran şahyrdyr.Mollanepes “Yşk mülküniň şasy” diýlen belent ada mynasyp boldy. Şahyryň “dahan içre asal ezen” goşhulary, meşhur “Zöhre-Tahyr” dessany adamlaryň gözel duýgularyny, umyt-arzuwlaryny, ynsanperwerligiň egsilmez güýjüni wasp edýän taglymlara ýugrulandyr.

 Şahsy durmuşy: Mollanepesiň kakasy Kadyrberdi. Ol döwrüniň iň sowatly mollalarynyň biri ekeni. Halk arasynda şahyryň kakasyna Molla Karaş hem diýlipdir. Molla Kadyrberdiniň Agajyk (Agajyk bagşy), Ödekberdi, Hakberdi, Mollanepes diýen dört ogly bolupdyr.Şahyr dört doganyň iň kiçisi. Mollanepes ýaşlykdan halaşan gyzy Bossantäç bilen nikalaşyp, agzybir, bagtly durmuşda ýaşapdyr.Mollanepesiň Muhammetrahym (Mämmetreýim) hem Resul atly iki ogly bolupdyr.

 Döredijiligi: Mollanepes liriki şygryýetiň iň görnükli wekilleriniň biri bolup, onuň däplerini dowam etdiren we özboluşly äheňler bilen ösdüren şahyr. Ol edebi döredijilik işine ýaşlyk ýyllaryndan başlaýar. Şahyr halk eserleri, nusgawy şahyrlaryň eserleri bilen içgin gyzyklanýar, olardan görelde alýar.Ol türk, özbek, azerbaýjan we beýleki halklaryň medeni hem edbi ýadigärlikleri bilenem tanşypdyr, şygyr sungatynyň inçe tilsimlerini özleşdiripdir.Mollanepes şirin şygyrlarynyň daşyndan halk rowaýatlarynyň esasynda ýazylan meşhur “Zöhre-Tahyr” dessany bilenem özüne mizemez ýadygärlik diken söz ussadydyr. Şahyryň eserleri dürli-dürli meseleleri öz içine alýar.Olaryň arasynda çeperçilik ussatlygy taýdan, many-mazmun baýlygy jähetden söýgi-ahlak, öwüt-nesihaat, synpy meselelere bagyşlanan goşgular has tapawutly görünýär.

 

Çeşme:Edebiýat.Umumy orta bilim berýän mekdepleriň IX synpy üçin okuw kitaby.-A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2016. Sahypa 209-242

Taýýarlan : Aýlar Nurmuhammedowa

Taýýarlanan senesi:18.04.2022 ýyl

Gurbandurdy Zelili

 

 

Ýene-de okaň

“Durmuşda iň gymmatly zat näme?”

Tanamaýan birine sesli habar ýa-da tekst ýazmazdan öň nämäni göz öňünde tutmaly?

Ogluň kakasy bilen synagy

Ata Watan Eserleri

“Ýalan söýgä ynanyp, gezipdirin begenip”

“Bahylyň bagy gögermez, gögerse-de miwe bermez”

Ata Watan Eserleri

Emeli aň (AI) ýa-da emeli intellekt sebäpli işden çykarmalar başlady