JEMGYÝET

Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi

Düýn hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzda geçirilen möhüm jemgyýetçilik-syýasy wakanyň — bäsdeşlik esasynda guralan Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň netijelerine garaldy. Milli Liderimiz gün tertibini yglan edip, ilki bilen, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygy G.Myradowa söz berdi. Ol şu ýylyň 12-nji martynda geçirilen döwlet Baştutanynyň ählihalk saýlawlarynyň netijeleri barada habar berdi.

Biz Size Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygy G.Myradowyň çykyşyny gysga setirlerde ýetirýäris.

  • Şu ýylyň 12-nji martynda  döwlet Baştutanynyň ählihalk saýlawlary geçirildi.
  • Saýlaw uçastoklarynyň jemi 2618-siniň, şol sanda Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň hem-de konsullyk edaralarynyň ýanynda olaryň 41-siniň döredildi.
  •  Demokratik partiýadan, Agrar partiýadan hem-de Senagatçylar we telekeçiler partiýasyndan, jemgyýetçilik guramalaryndan, raýatlaryň teklipçi toparlaryndan, iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgärleriň wekillerinden 2726 synçy bellige alyndy.
  • ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi hem-de BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasy tarapyndan ýurdumyzyň saýlaw işlerine gatnaşýan döwlet edaralarynyň wekilleri üçin okuw maslahatlary geçirildi.
  • Saýlawlar boýunça dalaşgär hödürlemek işlerine syýasy partiýalaryň üçüsi we merkezi saýlaw toparynda bellige alnan raýatlar toparlarynyň altysy gatnaşdy. Raýatlaryň teklipçi toparlarynyň her biri öz dalaşgärini goldaýan saýlawçylaryň 10 müňden köpüsiniň gollaryny ýygnadylar.
  • Ähli dalaşgärlere wagyz işlerini geçirmek hem-de Aşgabat şäherinde we ýurdumyzyň welaýatlarynda saýlawçylar bilen duşuşyklary guramak üçin deň şertler döredildi, teleýaýlymlarda çykyş etmek üçin deň mümkinçilikler üpjün edildi. Olaryň terjimehallary, maksatnamalary suratlary bilen «Türkmenistan», «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetlerinde çap edilip, dolulygyna halka ýetirildi. Şunuň bilen birlikde, saýlawlara çagyryş häsiýetli wideoşekiller taýýarlanylyp, teleradioýaýlymlarda köpçülige ýetirildi.
  • Saýlawlaryň demokratik esasda geçirilişi bilen tanyşmak üçin Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndan, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyndan, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyndan, Türki Döwletleriň Guramasyndan we beýleki ýurtlardan halkara synçylar Türkmenistana gelip, saýlawlaryň taýýarlyk işleri, ses bermegiň geçişi bilen tanyşdylar.
  • Abraýly halkara guramalardan gelen synçylar toparlarynyň ýolbaşçylary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen geçirilen brifinglerde saýlawlaryň asudalyk, açyklyk we aýanlyk ýagdaýynda hem-de kanuna laýyklykda geçirilip, Türkmenistanyň ösüşiň demokratik ýoluna ygrarlydygyny görkezendigini aýtdylar.
  • Jemi 75 synçydan ybarat bolan halkara we garaşsyz synçylar toparlarynyň agzalary Türkmenistanda bolan mahalynda, olar üçin saýlaw kanunçylygymyzyň çäklerinde ýurdumyzda geçirilýän işler bilen jikme-jik tanyşmaga, saýlaw toparlarynyň agzalary, dalaşgärler, olary hödürlän syýasy partiýalaryň ýolbaşçylary, raýatlaryň teklipçi toparlary, dalaşgärleriň ynanylan adamlary we saýlawçylar bilen duşuşyklary geçirmäge ähli mümkinçilikler döredildi.
  • Türkmenistan boýunça 3460080 saýlawçydan 3362052-si ses berip, 97,17 göterim gatnaşyk boldy.
  • Saýlawlaryň netijeleri boýunça Perhat Begenjow 2,02, Agajan Bekmyradow 7,22, Serdar Berdimuhamedow 72,97, Berdimämmet Gurbanow 2,22, Babamyrat Meredow 1,08, Hydyr Nunnaýew 11,09, Maksat Ödeşow 1,15, Maksatmyrat Öwezgeldiýew 1,16, Kakageldi Saryýew bolsa 1,09 göterim ses aldylar.
  • Merkezi saýlaw toparynyň şu ýylyň 14-nji martynda geçirilen jemleýji mejlisinde kabul eden karary esasynda we Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 76-njy maddasyna laýyklykda, saýlawlarda ses bermäge gatnaşan saýlawçylaryň sesleriniň iň köpüsini — 72,97 göterimini alan dalaşgär — Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedow Türkmenistanyň saýlanan Prezidenti diýlip ykrar edildi.

Mejlisiň dowamynda Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow we Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow çykyş etdi. Soňra täze saýlanan döwlet Baştutany ýygnananlara gutlaglary we hoşniýetli sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, gysgaça söz sözledi.

Milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna ýüzlenip, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipä girişmek dabarasynyň geçiriljekdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, bu çärä taýýarlyk görmek we ony ýokary derejede geçirmek üçin döwlet toparynyň döredilýändigi yglan edildi hem-de onuň düzümini we ýerine ýetirmeli çäreleriniň meýilnamasyny tassyklamak hakynda Karara gol çekildi.

Saýlanan Prezident Serdar Berdimuhamedow ynam bildiren saýlawçylara minnetdarlyk bildirdi

Ýene-de okaň

Murat Boz Türkmenistanda konsert berer

Arsen Şahuns, Murat Boz, Gülşen Baýraktar we beýleki aýdymçylar Aşgabatda konsert bererler

Ýapon kompaniýalary Türkmenistanda täze karbamid zawodyny gurar

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Owganystanda saparda boldy

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi