JEMGYÝET

Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi geçiriler

Şu ýylyň 12-nji fewralynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi geçiriler. Şol mejlisiň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň dürli pudaklary boýunça aýry-aýrylykda iş maslahatlaryny geçirdi. Şol maslahatlarda 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine garaldy we olaryň işini kämilleşdirmek boýunça öňde durýan wezipeler kesgitlenildi.

llki bilen nebitgaz toplumyny ösdürmek boýunça iş maslahaty geçirildi. Soňra oba hojalyk, gurluşyk-senagat, söwda, ulag-aragatnaşyk, medeniýet we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri toplumy, ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport ugurlarynda we jemgyýetçilik guramalary boýunça iş maslahatlary geçirildi.

Bu ähli maslahatlarda ýurdumyzyň ýokarda agzalyp geçilen pudaklarynda 2020-nji ýylda edilen işleriň netijelerine garaldy. Milli Liderimiz aýry-aýry pudaklar boýunça degişli ýolbaşçylaryň her birine anyk tabşyryklary berdi.

Şu gün milli Liderimiz ýurdumyzyň daşary syýasat ugry boýunça 2020-nji ýylda edilen işler boýunça iş maslahatyny geçirdi. Onda  hödürlenen resminamalaryň taslamalary boýunça hormatly Prezidentimiz bu resminamalaryň beýleki pudaklar bilen dahylly taraplarynyň bardygyny aýdyp, olara şu ýylyň 12-nji fewralynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde garamagyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.

Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.

Sizden Gelenler Sahypamyz

Interaktiw sahypamyz- okyjylarymyzdan gelen habar we eserleriň ýerleşdirilýän sahypasy-sizden gelenler sahypasy siziň iberjek eserleriňize garaşýar!

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Russiýanyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Oraza aýy-2026 : Agyz beklenýän we açylýan wagtlar

Portugal tälimçi: “Arkadag” topary güýçli toparlaryň biridir

Mergen Orazow: Er-Riýaddaky jogap duşuşygyna çynlakaý taýýarlyk göreris

Ata Watan Eserleri

“Arkadag” – “Al-Nasr” duşuşygy geçirildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentini gutlady