Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda beýik ösüşler gazanylýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň künjeklerinde täze binalar, desgalar gurlup ulanmaga berildi. Munuň özi «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyzyň uly üstünliklere beslenýändigini, ösüşleriň aýdyň ýolundan ynamly öňe barýandygyny beýan edýär.
«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär.
23-nji sentýabrda geçirilen Döwlet Maslahatynda hem ýurdumyzyň ösüşleri, belent üstünlikleri barada giňişleýin gürrüň edildi.
Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän işler, ilkinji nobatda, halkyň bähbidini, milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini nazara alýar. Şunda sanly ulgamy ösdürmek, milli ykdysadyýetiň hususy ulgamyna mümkinçilikleri döretmek we häzirki zamanyň bazar ulgamyny giňden ornaşdyrmak esasy ugurlaryň biri bolup durýar.
Hususy ulgamyň mümkinçilikleri has-da giňdir we şunda senagatda, sanly ulgamy ösdürmekde möhüm ugurlara üns bermek bolýar. Daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan harytlary öndürmek, elektron senagatyny ösdürmek hususy ulgamyň paýyna düşýär. Şonuň üçin hem milli ykdysadyýetimizde telekeçilige uly üns berilýär. Oba hojalygynda hem telekeçiler miweçilik, üzümçilik ýaly ugurlary yzygider ösdürýärler.
Häzirki wagtda milli ykdysadyýetimiz ýene bir täze derejä göterilýär. Pudaklaryň ählisinde halkara ölçeglerine laýyk gelýän innowasiýa tehnologiýalary we maglumat-aragatnaşyk enjamlary köpçülikleýin ornaşdyrylýar. Bu bolsa milli ykdysadyýetimiziň täze modelini has kämilleşdirýär. Hut sanly ulgamyň hasabyna dolandyryş işleri sazlaşykly ýöredilip ugraldy. Ilat üçin sanly ulgamyň hyzmatlarynyň möçberi artýar. Milli ykdysadyýetimizi durnukly ösdürmek üçin ähli serişdeleriň we mümkinçilikleriň has doly derejede herekete girizilmegi gazanylýar. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny, halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen elektron we ylmy ulgamy özleşdirmegiň, ýokary tehnologiýalaryň hem-de kiçi we orta telekeçiligiň mümkinçiliklerini çekmek arkaly pudaklary döwrebaplaşdyrmagyň meseleleri hem oňyn çözülýär.
Hut şonuň netijesinde öndürilýän önümleriň we hyzmatlaryň diňe bir mukdary artman, hili hem gowulanýar, elýeterli nyrhlar emele gelýär, ýaşaýyş-durmuş amatlylyklary köpelýär. Milli ykdysadyýetimizi has hem ösdürmek, ilatyň harytlara bolan isleglerini kanagatlandyrmak üçin ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligiň ösdürilmegi goşmaça iş ýerlerini döretmäge hem ýardam berýär.
Ýurdumyzyň diňe bir dokmaçylyk pudagynda hereket edýän döwrebap kärhanalaryň 70-den gowragynyň goýberýän ýokary hilli önümleri içerki bazar bilen çäklenilmän, eýsem, dünýäniň çar ýanyna eksporta hem iberilýär.
Aýhan Maşadow,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň
Jemagat infrastrukturasy we in1enerçilik ulgamlary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.
