SIZDEN GELENLER

Milli telekommunikasiýa ulgamy – döwrebap ösüşler

Şu günler paýtagtymyz Aşgabatda telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň “Türkmentel — 2024” atly XVII halkara sergisi we ylmy maslahaty geçirilýär.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz telekommunikasiýa we ýokary tizlikli maglumat tehnologiýalar ulgamyny ösdürmek bilen birlikde, döwletiň hem-de jemgyýetiň durmuşynyň ähli ulgamlaryna täzeçil tehnologiýalary ornaşdyrmagy ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda goýýar. Bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürmegi maksat edinýär. Türkmenistanda sanly ykdysadyýete geçmek boýunça maksatnamalaýyn wezipeleri durmuşa geçirmekde ygtyýarly edara bolan “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň sergi bölüminde ýerleşdirilen uly monitorlarda görkezilýän wideoşekillerde sanly ulgama geçmek, ýokary hilli aragatnaşyk, internet hyzmatlaryny üpjün etmek babatda gazanylan üstünlikler beýan edilýär.

Häzirki döwürde milli telekommunikasiýa ulgamynda halkara ölçeglere laýyk gelýän innowasion sanly tehnologiýalary we maglumat-aragatnaşyk enjamlaryny ornaşdyrmak işleri üstünlikli amala aşyrylýar. Bäsdeşlige ukyply häzirki zaman aragatnaşyk hyzmatlaryny ilata hödürlemek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Aragatnaşyk edara-kärhanalaryny döretmäge, döwrebaplaşdyrmaga düýpli maýa goýumlar gönükdirilýär. Aragatnaşyk pudagynyň gurluşy, maddy-tehniki, hukuk binýady döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirilip, düýpli ylmy-tehniki özgertmeler, iri taslamalar durmuşa geçirilýär.

Türkmenistan hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny işjeň ösdürýär hem-de dünýäniň maglumat giňişligine goşulyşmagy maksat edinýär. Sanlylaşdyrmagyň durmuşyň ähli ugurlaryny gurşap alýan döwründe maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary “akylly” şäherleri, netijeli önümçilikleri we durnukly ykdysadyýeti döretmek üçin binýat bolup durýar. Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek, öýjükli aragatnaşyk, internet, poçta hyzmatlary, kiberhowpsuzlyk, hemra aragatnaşygy, hünärmenleri taýýarlamak ýaly ugurlarda giň gerimli işler alnyp barylýar.

Sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň açylmagy ýurdumyzda bu ugurda alnyp barylýan işleriň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky güwäsi boldy. Bu “akylly” şäher şähergurluşyk hem-de sanly çözgütler ulgamynda abraýly halkara sylaglaryň 20-den gowragyna mynasyp boldy. Şäherde dünýäniň öňdebaryjy IT kompaniýalarynyň iň täze tehnologik çözgütleri durmuşa geçirildi. Dolandyryş we howpsuzlyk ulgamyna emeli aňyň binýadyndaky tehnologiýalar ornaşdyryldy. “Akylly” şäheriň özboluşly ekoulgamy döredildi. Şäherdäki döwlet gulluklary we infrastruktura sanly platformalaryň binýadynda işleýär.

Aragatnaşyk operatorlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagy netijesinde ýurdumyzda ähli ilatly ýerler ýokary tizlikli internet bilen üpjün edilýär hem-de ulgamyň üstaşyr geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmaga aýratyn üns berilýär. Şu ýyl Serhetabat — Hyrat optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisiniň gurluşyk işlerine badalga berildi. Bu taslama üstaşyr aragatnaşyk akymlarynyň möçberini artdyrmaga, Owganystanyň we Pakistanyň çäginden Hindistana çenli optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny geçirmäge mümkinçilik berer. Şunuň bilen birlikde, abraýly halkara guramalar, şol sanda BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen hyzmatdaşlyk işjeň ösdürilýär. “Türkmenistanda pudagara elektron maglumat alşygy ulgamynyň ornaşdyrylmagyna ýardam bermek hakynda” taslamanyň çäklerinde “X-Road” platformasyny ornaşdyrmak boýunça işler alnyp barylýar. Bu platforma döwlet edaralarynyň arasynda maglumatlary has çalt we ygtybarly alyşmaga ýardam berer. Şeýle hem emeli aňy içgin we netijeli öwrenmek, ony ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna, ylym-bilim ulgamlaryna ornaşdyrmak boýunça işler alnyp barylýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyz, hormatly Prezidentimiz tarapyndan bagtyýar ýaşlarymyzyň ýurduň ösüşlerine mynasyp goşantlaryny goşmaklaryna giň mümkinçilikler döredilýär. Muňa mysaly sebitde ilkinji «akylly şäher» bolan Arkadag şäherimizden hem näçe diýseň getirip bolar.

Halkara forumyň dowamynda jemi jemleniljek «Sanly çözgüt — 2024» atly innowasion taslamalar bäsleşigi hem täze tehnologiýalary durmuşa ornaşdyrmakda ýaşlara uly ynam bildirilýändiginiň görkezijisidir. Aslynda, sanly tehnologiýalar diýlende, täsinlik bilen baglanyşykly täzeçillikler göz öňüne gelýär. Telekommunikasiýa ulgamynyň ösüşi-de sanly tehnologiýalar bilen bir bitewüdir. Şonuň üçinem «Türkmentel — 2024» atly XVII halkara sergide görkezilen her bir diwarlyklar ol ýere baran myhmanlaryň uly gyzyklanmasyna mynasyp bolýar. Sergä tomaşa etmäge barýanlaryň aglabasynyň ýaşlardygy bolsa bu ugurda ýurdumyza uly geljegiň garaşýandygyna ynamymyzy artdyrýar.

Goý, her bir işde il-ýurt bähbidini nazarlaýan, ähli ugurlarda işlemäge, döretmäge giň ýollary açyp, yzygiderli goldaw-hemaýatlary berýän hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!

Leýli Nuryýewa,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň

Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň 2NGPYD “B” toparynyň talyby.

Ýene-de okaň

Saglygymyz özümize bagly

Saglygy goraýyş ulgamynyň galkynan döwri

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury

Bilim – üstünligiň binýady

Ata Watan Eserleri

Arkadagyň ýoly — parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly

Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat

Ata Watan Eserleri