JEMGYÝET

Milli Liderimiz yslam döwletlerine ýeke-täk energetika gurşawyny döretmegi teklip etdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyryp, hormatly myhman hökmünde  “Russiýa—Yslam dünýäsi: KazanForum-2025” XVI halkara ykdysady forumyna gatnaşdy.

Tatarystanyň milli habarlar agentliginiň habar bermegine görä, bu halkara derejeli forumda çykyş eden türkmen halkynyň Milli Lideri yslam döwletleriniň arasynda dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen birnäçe möhüm başlangylary öňe sürdi.

Milli Liderimiz forumyň belent münberinden eden çykyşynda yslam ýurtlarynyň ýeke-täk energetika, infrastruktura we ulag geçelgelerini döredip biljekdigini belledi.

– Yslam döwletleriniň Ýewraziýanyň ýeke-täk energiýa, ulag we tehnologiki guşagyny döretmelidigine ynanýaryn. Bu konfigurasiýa harytlary we hyzmatlary eltip bermek üçin iň gysga ýollary üpjün eder. Strategiki nukdaýnazardan, bu guşak nyrhlary arzanlatjak, ýurtlaryň içerki ýagdaýyna we Ýewraziýanyň ýaşaýjylarynyň saglygyna oňyn täsir etjek global köpri bolar – diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belläp geçdi.

Milli Liderimiz häzirki şertlerde yslam dünýäsiniň tutuş dünýä üçin ykdysady ösüşiň hereketlendiriji güýjüne öwrülip biljekdigini aýtdy.

“Russiýa—Yslam dünýäsi: KazanForum-2025” XVI halkara ykdysady forumyna Tatarystanyň Baştutany Rustam Minnihanow, Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Marat Husnullin, Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibragim,  Owganystanyň, Azerbaýjanyň, Özbegistanyň we dünýäniň köp sanly ýurdundan ýokayr derejeli wekiliýet gatnaşýar.

13-nji maýda badalga alan bu ýokary wekilçilikli forum 18-nji maýa çenli dowam eder. “KazanForum” halkara ykdysayd forumy 2009-njy ýyldan bäri geçirilip gelinýär. 2023-nji ýylda bu çärä federal derejä eýe boldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti harby gullukdan boşatmak we harby gulluga çagyrmak barada resminama gol çekdi

Eýranyň ilçisi: türkmen-eýran serhedi hyzmatdaşlyk serhedi bolmagynda galýar

Türkmen halky Oraza we Milli bahar baýramynda 4 gün dynç alar

«Galkynyş» topary Bakudaky «Circus Sea Breeze» sirk arenasynda täsirli çykyşlary görkezdi

Ata Watan Eserleri

Beýkent uniwersitetinde türkmen ýaşlary üçin täze mümkinçilikler!  

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Hytaýda dostlukly saparda bolar