JEMGYÝET

Milli Liderimiz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna bardy

Şu gün, dynç güni, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň boş wagtlaryny sport bilen meşgullanmak, şol sanda at münmek hem-de döredijilik işlerine sarp etmek ýaly adaty endigine eýerip, Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna geldi. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde behişdi bedewler bilen didarlaşdy, atly gezelenç etdi hem-de döredijilik bilen meşgullandy.

…Döwlet Baştutanymyz bedewler bilen didarlaşyp, Gyratym atly bedewi athanadan çykardy we onuň bilen birsellem gezim etdi. Şondan soň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bedewi ýorgalap çapdy.

Şu gün döwlet Baştutanymyzyň atçylyk toplumyndaky iş otagynda täze kitabyny döretmäge girişdi, onda türkmen halkynyň dünýä nusgalyk asylly ýörelgeleri hem-de döwletimizi we jemgyýetimizi mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi baradaky çuňňur pikirler öz beýanyny tapar.

Milli Liderimiz eseri ýazýan wagtynda ylmy maglumatlara hem-de ygtybarly edebi çeşmelere, asyrlar aşyp gelýän we halkymyzyň durmuşynda mäkäm orun alan ýörelgelere esaslanýar, türkmen halkynyň baý taryhyny, il arasynda ýörgünli rowaýatlary, halk döredijiliginiň eserlerini içgin öwrenýär. Bu bolsa döwlet Baştutanymyzyň eserleriniň has gymmatly hem-de ygtybarly bolmagyny üpjün edýär.

Milli liderimiziň her bir kitaby milli medeniýetimiziň taryhy hakynda maglumatlaryň ýygyndysy bolmak bilen çäklenmän, eýsem jemgyýetiň ösüşiniň esasyny düzýän ynsanperwerlik duýgusy hakynda gürrüň berýän eserdir.

Elbetde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze ýazyp başlan işiniň hem halkymyzyň ruhy baýlygyna öwrülip, türkmen medeniýetiniň, onuň dürli ugurlarynyň gülläp ösmegi, ata Watanymyzyň zehinleriniň has-da artmagy üçin ýene-de bir itergi berjekdigi gürrüňsizdir.

Ýene-de okaň

Ugandanyň daşary işler boýunça döwlet ministriniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Hytaýyň ilçisi bilen duşuşdy

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşyk barada

Gazak Liderinden türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk haty

Kristofer Wizda: «Makul» sözlük – dilleri we medeniýetleri birleşdirýär

Ata Watan Eserleri