JEMGYÝET

Milli Liderimiz Ismoil Somonini hatyralady

Şu gün iki günlük resmi sapar bilen Täjigistana gelen türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow täjik halkynyň milli gahrymany Ismoil Somoniniň ýadygärligine gül goýdy. Bu barada “Türkmenistan” gazeti habar berýär. 

«Dusti» meýdançasynda ýerleşýän ýadygärlik toplumyna gelende, Gahryman Arkadagymyzy Täjigistan Respublikasynyň resmi adamlary garşyladylar. Milli Liderimiz Ismoil Somoniniň keşbini ebedileşdiren ýadygärlige gül dessesini goýup, görnükli döwlet işgäri hem-de Samany döwletini esaslandyryjy milli gahrymany hatyralady.

Manysy boýunça «Dostluk meýdançasy» diýmegi aňladýan «Dusti» meýdançasy Duşenbe şäheriniň merkezinde ýerleşip, onuň çägindäki beýik gahryman Ismoil Somoniniň hormatyna dikilen ýadygärlik tutuş paýtagtyň esasy nyşany hasaplanýar. Samanylar döwletiniň esaslandyrylmagynyň 1100 ýyllygy mynasybetli 1999-njy ýylda gurlan bu ýadygärligiň göni arkasynda ýerleşýän bina bilen bilelikdäki umumy beýikligi 43 metre deňdir. Samany döwletini esaslandyran Emir Somoni bürünçden ýasalan heýkelinde kellesi täçli, elinde Günüň şöhlesi şekilindäki altyn hasany göterip duran görnüşde «janlandyrylypdyr». Ýedi ýyldyz bilen bezelen täçdir hasa bolsa täjik döwletliliginiň esasy nyşanlarydyr.

Ýene-de okaň

Seulda «Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy» birinji Sammitine taýýarlyk görülýär

Türkmenistanyň Prezidenti ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenabat awtomobil ýolunyň Mary-Türkmenabat böleginiň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Azerbaýjanyň ylym we bilim ministriniň orunbasarynyň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçisi Waşingtonda ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy 

Türkmen halkynyň Milli Lideri Neda Berger bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri energetika we howa boýunça halkara Wena forumyna gatnaşdy