JEMGYÝET

Milli Liderimiz Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygynyň depginlerini ýokarlandyrmagy tabşyrdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherini iş saparyny amala aşyryp, şäheriň gurluşyk işleriniň batly depginlerde alnyp barylýan ýerine bardy. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow hem-de Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa Halk Maslahatynyň Başlygyna hasabat berdiler.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, ilki bilen, täze şäheriň ýaşlar üçin niýetlenen seýilgähinde goýuljak oturgyçlaryň, onuň bezeg serişdeleriniň görnüşleri bilen tanyşdy. Seýilgähde ýokary derejeli dynç almak we ösüp gelýän ýaş nesilleriň wagtlaryny gyzykly hem-de şadyýan geçirmekleri üçin ähli zerur şertleriň döredilmelidigini belläp, Gahryman Arkadag gurluşyk we bezeg işlerinde milli binagärlik ýörelgelerine, serişdeleriň berkligine, oturgyçlaryň oňaýlylygyna, göze gelüwliligine zerur üns bermegi tabşyrdy.

Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedow täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän durmuş maksatly desgalaryň, ýol-ulag düzümlerine degişli binalaryň taýýarlanan şekil taslamalary hem-de olaryň bezeg işlerine degişli serişdeleriň görnüşleri bilen hem tanyşdy we görkezilýän taslamalara birnäçe belliklerini aýtdy.

«Gurulýan desgalar özboluşly binagärlik sazlaşygyny emele getirmelidir we olar täze şäheriň derejesine kybap gelmelidir» diýip, Gahryman Arkadag aýtdy we bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe görkezmeleri berdi.

Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny-da geçirdi. Onuň barşynda D.Orazow täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we gurluşyk işleriniň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça edilýän tagallalar barada hasabat berdi. Hasabatyň çäklerinde täze şäherde lukmançylyk klasterine degişli önümçilik toplumlarynyň gurluşyklarynyň ýagdaýy hakynda giňişleýin maglumatlar berildi.

Halk Maslahatynyň Başlygy täze şäheriň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň depginlerini ýokarlandyrmak babatda birnäçe tabşyryklary berdi. Aýratyn-da, Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasterine degişli desgalaryň gurluşygy, olaryň enjamlaşdyrylyşy bilen baglanyşykly meseleleriň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygy aýdyldy.

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Hytaýa dostluk sapary başlandy

Türkmen telekeçileriniň 18 ýyllygyna bagyşlanan sergi geçirilýär

Türkmenistanyň Prezidenti harby gullukdan boşatmak we harby gulluga çagyrmak barada resminama gol çekdi

Eýranyň ilçisi: türkmen-eýran serhedi hyzmatdaşlyk serhedi bolmagynda galýar

Türkmen halky Oraza we Milli bahar baýramynda 4 gün dynç alar

«Galkynyş» topary Bakudaky «Circus Sea Breeze» sirk arenasynda täsirli çykyşlary görkezdi

Ata Watan Eserleri