Her bir döwletde halkyň milli ýazuw mirasynyň aýawly saklanmagyna uly ähmiýet berilýär. Çünki bu babatdaky arhiw resminamalary halkyň taryhyny beýan edýän milli ruhy baýlykdyr. Arhiw işi öz köklerini gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Geçmişde hem sowatly adamlar, akyldarlardyr alymlar halkyň durmuşyny, jemgyýetçilik we hojalyk gatnaşyklaryny, olaryň özara baglanyşygyny beýan edýän resminamalara aýawly çemeleşmegiň zerurdygyna düşünipdirler. Geçen nesilleriň bilimlerini, toplan tejribesini özünde jemleýän şol resminamalara uly ähmiýet beripdirler. Gündogaryň görnükli şahyry Alyşir Nowaýy: «Kim arhiwe kembaha garasa, ol taryha düşünmez, kim taryha düşünmese, ol geçene we geljege ýolbaşçylyk edip bilmez» diýip belleýär.
Garaşsyzlygyň ýyllary içinde arhiw işi hakynda kanun we birnäçe kararlar kabul edildi. Soňky ýyllarda hem arhiw işini düzgünleşdirýän ençeme hukuk namalary kabul edildi. 2003-nji ýylyň noýabr aýynyň 30-yna “Türkmenistanyň arhiwleri we arhiw işi hakynda” Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. 2004-nji ýylyň dekabr aýynyň 24-inde Türkmenistanyň Prezidentiniň 7030 belgili Karary bilen Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasynyň we Türkmenistanyň Baş arhiw müdirliginiň Düzgünnamalary kabul edildi. Düzgünnamalarda arhiw işiniň ýörelgeleri has aýdyň we anyk beýan edildi.
Häzirki wagtda “Türkmenistanyň arhiwleri we arhiw işi hakynda” Türkmenistanyň Kanuny ürkmenistanyň Milli arhiw gaznasynyň resminamalaryny hem-de beýleki arhiw resminamalaryny toplamagy, abat saklamagy, hasaba almagy, peýdalanmagy guramagyň, şeýle hem jemgyýetiň, döwletiň hem-de raýatlaryň bähbitlerine arhiwleri dolandyrmagyň hukuk esaslaryny kesgitleýär.
Şol kanunçylyk namasynda bellenilip geçilişi ýaly, arhiw işi – döwletiň, ýuridik we fiziki şahslaryň Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasynyň resminamalaryny hem-de beýleki arhiw resminamalaryny toplamak, abat saklamak, hasaba almak we peýdalanmak, şeýle hem arhiwleri dolandyrmak baradaky işi; resminama – hakykat ýüzündäki zatlar hem-de adamyň pikirleniş işi hakynda hatyň, grafikanyň, fotosuratyň, fono- we wideo ýazgylaryň üsti bilen ýa-da beýleki islendik usulda aňladylan maglumatlar şekillendirilen maddy obýekt; arhiw resminamasy – özüniň ähmiýetliligi boýunça jemgyýet, döwlet, raýat üçin gymmatlylygynyň bolanlygy sebäpli saklanylýan ýa-da saklanylmaga degişli resminama; audiowizual resminamalar – göterijileriň islendik görnüşinde döredilen ýa-da şekillendirilen kino-, foto-, fono-, wideoresminamalar ýa-da olaryň toplumlary özünde jemleýär.
Ýurdumyzda alnyp barylýan ähli özgerişler resminamalar ýüzünde saklanyp galýar. Geljekde taryhy ähmiýeti bolan resminamalary saýlap almak, olary hasaba almagy, aýawly saklamagy, soňra peýdalanmagy guramak arhiwleriň baş wezipesidir. Şeýle hem arhiw resminamalary diňe milli hazyna bolmak bilen çäklenmän, eýsem umumyadamzat mirasy bolup durýarlar. Hakyky çeşmeler mysalynda halkyň taryhy suratlandyrylan maglumatlar wakalary, hadysalary aýdyňlaşdyrmakda we giňden wagyz etmekde uly ýardam bolýar. Arhiwçileriň wajyp hünär borçlarynyň ýene-de biri– döwleti we onuň raýatlaryny geçmişe ýüzlenýän resminamalaýyn habarlar bilen üpjün etmekden ybaratdyr.
Arhiwler ylmy edaralar bolup, halkyň resminamalaýyn taryhy-medeni mirasynyň we durmuş tejribesiniň iňňän gymmatly genji-hazynasydyr. Olar halkyň, döwletiň geçmişini öwrenmek, şu gününe dogry düşünmek, geljegini meýilleşdirmek üçin örän uly ähmiýete eýedir. Biziň arhiwlerimiz hem halkymyzyň resminamalar ýadygärliginiň jemi bolup, olar milletiň maddy hem ruhy durmuşyny beýan edýän taryhy, durmuş-ykdysady, syýasy we medeni ähmiýeti bolan resminamalaryň toplanýan, aýawly saklanýan ýeridir. Arhiwler gadymy döwürlerde döräp, adamzat durmuşyna degişli ýazuw görnüşli maglumatlary saklanýan ýerdir. Türkmen halkynyň bäş müňýyllyk söhratly taryhy bardygy taryhçy, arheolog alymlar tarapyndan dürli gazuw – agtaryş işleri netijesinde subut edildi, ýöne gynansakda şol döwürleriň batly gadamlaryna şaýatlyk edýän ýazuw ýadygärlikleriniň juda az mukdarda saklanyp, biziň günlerimize gelip ýetmedigi geçmişe göz ýetirmekde belli bir derejede kynçylyklar döredýär. Häzirki döwürde arhiwler her bir taryhy waka, şol bir wagtda-da Garaşsyz we Bitarap Türkmenistanyň her bir raýaty bilen baglanyşykly resminalaryň jemlenip, geljekki nesillere elýeterli bolmagy üçin uly aladalar edýärler. Ýurduň çäklerinde, käbir ýagdaýlarda onuň daşynda-da, gündelik durmuşda emele gelýän ähli resminamalaryň taryhy ähmiýetli bölegi milletiň milli arhiw gaznasyny düzýär. Türkmenistanyň arhiwlerinde saklanýan resminamalarynyň iň gadymysy 1870-nji ýyla degişlidir.
Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasy hakynda Düzgünnamada resminamalar döredilýän ýeri we düzümi boýunça döwlete degişli we döwlete degişli bolmadyk böleklerden ybaratdyr. Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasynyň döwlete degişli bölegi, adyndan belli bolşy ýaly, döwlet emlägi bolup durýar we hiç hili ýagdaýda hususylaşdyrylmaga degişli edilip bilinmeýär. Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasynyň döwlete degişli bolmadyk bölegi bolsa, hususy edara görnüşli we şahsy taraplaryň emlägi hasaplanylýar. Eýeçiligiň döwlete degişli bolmadyk guramalarynyň resminamalary Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasynyň düzümine kanunçylykda bellenen tertipde degişli edilmegi, Türkmenistanyň Garaşsyzlyk eýýamynyň resminamalarynyň düzümini mese-mälim baýlaşdyrdy.
Şeýlelikde, resminamalaryň hasaba alynmagy döwlet arhiwlerinde resminamalaryň ylmy taýdan guralyş ulgamyny berkidýär, Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasynyň resminamalarynyň peýdalanyşyny guramakda möhüm orny eýeleýär, çüňki resminamalaryň hasabynyň ýöredilmegi esasynda maglumat beriji häsiýetli resminamalar: ýazgylar, kataloglar, synlar, görkezijiler, maglumat beriş-gözleg ulgamlary düzülýär.
Milli arhiw gaznasynyň döwlete degişli bolmadyk böleginiň resminamalaryny peýdalanmaklyk eýesiniň ýa-da eýelik edijiniň razylygy bilen amala aşyrylýar.
Hormatly Prezidentimiziň arhiw ulgamynyň işini kämilleşdirmek üçin edýän bimöçber aladalary üçin çäksiz alkyş aýdyp, gullugyň öňünde duran wezipeleri durmuşa geçirmekde arhiwçileriň yhlaslaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrýarys. Çünki biziň esasy borjumyz – milli baýlygymyzy geljek nesillere abat ýetirmekdir.
Mähriban Aşyrgulyýewa,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň arhiwçisi.