JEMGYÝET

Metbugat ýygnagy: parahatçylygyň we ynanyşmagyň derwaýyslygy

Ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy hem-de “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda “Häzirki zaman dünýäde parahatçylygyň we ynanyşmagyň derwaýyslygy” atly metbugat konferensiýasy geçirildi. Oňa ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de daşary ýurtly habarçylar çagyryldy.

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň hem çagyrylan metbugat ýygnagyna dünýäniň ençeme ýurdunyň iri metbugat serişdeleriniň, teleýaýlymlarynyň ýolbaşçylary hem-de habarçylary onlaýn tertipde gatnaşdy.

Häzirki zaman dünýäsinde parahatçylygyň hem-de ynanyşmagyň uly ähmiýete eýe bolan döwründe hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2021-nji ýyl “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan eden Kararnamanyň kabul edilmegi aýratyn ähmiýetlidir.

Türkmenistan döwletimiz tarapyndan parahatçylygy, howpsuzlygy we rowaçlygy pugtalandyrmak ugurnda giň tagallalar edilýän döwründe amala aşyrylýan giň gerimli işler we olaryň dünýä metbugaty arkaly halkara jemgyýetçiligine ýetirilmegi metbugat ýygnagynda edilen çykyşlaryň esasy mowzugyny emele getirdi.

TÜRKMENISTAN HALKARA HYZMATDAŞLYGYNYŇ IŞJEŇ AGZASY

Metbugat ýygnagynda Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň başlygy Merdan Gazakbaýew, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary Annasähet Kakaýew, “Türkmen dünýäsi” gazetiniň baş redaktory Batyr Myradow metbugat ýygnagyna gatnaşyjylaryň öňünde çykyş etdiler.

Şeýle hem metbugat forumynda “Mir” Döwletara teleradiokompaniyasynyň başlygynyň orunbasary Wladimir Kazarezow, Türkiýäniň “TRT World” teleýaýlymynyň programmalar boýunça direktory Bora Baýraktar, Russiýanyň “Russia Today” halkara habar beriş teleýaýlymlar ulgamynyň baş direktory Alekseý Nikolow, Aziýa-Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşiginiň (ABU) Baş sekretary Jawad Mottagi, «Bütinrussiya döwlet teleradiogepleşikler kompaniyasy» federal döwlet unitar kärhanasynyň Halkara gatnaşyklary boýunça direksiýasynyň başlygynyň orunbasary Alekseý Perewoşikow, Hindistanyň “Prasar Bharati” ýaýlymlar kompaniýasynyň Baş direktory Şaşi Şekhar Wempati, Özbegistanyň Milli teleradiokompaniýasynyň başlygy Alişer Hajaýew, Azerbaýjanyň «AZERTAJ» Döwlet habarlar agentliginiň Halkara gatnaşyklar we daşary ýurt dillerindäki habarlar departamentiniň başlygy Süleýman Ibragimow, Gruziýanyň “TV-24” teleýaýlymynyň ýerine ýetiriji direktory Badri Naçkebiýan, Ermenistanyň «ARMENPRESS» habarlar agentliginiň rus dilindäki habarlar gullugynyň başlygy Aýk Janpoladýan, Azerbaýjanyň «Aztv» Halkara radiosynyň gepleşikleriniň direktory Farid Iskenderow dagy wideoaragatnaşyk arkaly çykyşlary diňlenildi.

Daşary ýurtly iri halkara habarlar agentlikleriniň hem-de teleýaýlymlarynyň ýolbaşçylary Türkmenistanyň öňe sürýän parahatçylyk we ynanyşmak arkaly halkara başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiliginde gyzgyn goldawa eýe bolýandygyny, bu başlangyçlaryň ählumumy parahatçylygy , abadançylygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmäge saldamly goşant goşýandygyny belläp geçdiler.

Şeýle hem olar özleriniň ýolbaşçylyk edýän metbugat gulluklarynyň işleri barada gürrüň berip, Türkmenistan bilen metbugat ulgamynda hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyklaryny belläp geçdiler.

Ýurdumyzyň metbugat gulluklarynyň ýolbaşçylary Türkmenistanyň dünýäniň ençeme ýurdy bilen metbugat ulgamynda hyzmatdaşlyk edýändigi belläp geçdiler. Hususan-da, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi dünýäniň onlarça ýurdy bilen metbugat ulgamynda ähtnamalara gol çekilendigini, şonuň netijesinde işjeň hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygy,   Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti hem ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabaralary dünýä metbugatynda giňden wagyz etmek babatda ençeme işleriň meýilleşdirilendigi bellenilip geçildi.

Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň gazanan üstünlikleriniň giňden wagyz edilmegi babatda işleriň alnyp barylýan döwründe Türkiýäniň, Russiýanyň, Belarusyň, Gazagystanyň we beýleki ýurtlaryň teleýaýlymlary bilen gatnaşyklaryň işjeňleşdirilýändigi, hususan-da  Türkiýäniň “TRT” teleýaýlymy bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde “TRT Awaz”, “TRT World” ýaly ýaýlymlarynda ýurdumyzyň gazananlary barada gepleşikleriň taýýarlanyp ýaýlyma berilmeginiň meýilleşdirilýändigi bellenildi.

 

Türkiýäniň Prezidentinden milli Liderimize gutlag

 

Ýene-de okaň

«Türkmentel ─ 2024» atly XVII halkara sergisi we ylmy maslahaty açyldy

Birol Güwen: Türk dünýäsi bilen bilelikdäki filmleri surata düşürmek taslamamyz bar

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwaly başlady

Ata Watan Eserleri

Baýraktar: Türkmenistanyň gazyny Azerbaýjanyň üsti bilen almak mümkin

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi geçiriler

Türkmenistan “ITTC-2024” halkara ulag forumyna taýýarlyk görýär

Ata Watan Eserleri