SPORT

Messiniň 700-nji goly

Ispaniýanyň “Barselona” toparynyň argentinaly hüjümçisi Lionel Messi futbol durmuşyndaky 700-nji goluny geçirdi. Iki oýundan bäri Messiniň bu arzyla goluna garaşýan futbol janköýerleri ony “Atletiko Madrid” bilen “Barselonanyň” arasyndaky duşuşykda tomaşa etdiler.

Messiniň 700-nji goly 11 metrlik jerime urgusyndan boldy. Ol bu goluny şüweleňe öwürdi. 11 metrlik jerime urgusyny panenka görnüşinde geçirdi.

Messi bu goluny barmaklaryny şykgyldadyp gutlady. Argentinaly hüjümçi 700 goluň 630 sanysyny “Barselonanyň” düzüminde, galan 70 sanysyny bolsa Argentinanyň milli ýygyndysynyň düzüminde amala aşyrdy.

Messi ilkinji goluny 2005-nji ýylyň 1-nji maýynda “Albaseta” toparynyň, 100-nji goluny “Dinamo Kiýew” toparynyň, 200-nji goluny “Real Madrid” toparynyň, 300-nji goluny “Raýo” toparynyň, 400-nji goluny “Granada” toparynyň, 500-nji goluny Walensiýa toparynyň, 600-nji we 700-nji gollaryny bolsa “Atletiko” toparynyň derwezesinden geçirdi.

Messi gollarynyň 582-si çep aýagy, 92-sini sag aýagy, 24-üsini kellesi bilen geçirdi.

Dünýäde 700 gol geçiren 2 sany uly futbolçy bar. Olar Lionel Messi we Krisştiano Ronaldo.

Ýene-de okaň

“Arkadag” topary wagtyndan öň TFF-niň Kubogy ugrundaky bäsleşigiň ýeňijisi boldy

Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň bijeleri çekildi

Messi 2025-nji ýyldaky ilkinji resmi goluny geçirdi

Gwardiola: Husanow geljekde güýçli futbolçy bolar

Luis Dias “Barselonada” oýnamak isleýär

Saud Arabystany 2029-njy ýylda gyşky Aziýa oýunlaryny kabul eder

Ata Watan Eserleri