SPORT

Messi ynamly oýun görkezmese-de, girdeji gazandyrýar

Dünýäniň iň güýçli futbolçylarynyň biri hasaplanýan argentinaly Lionel Messi Ispaniýanyň “Barselona” toparyndan Fransiýanyň “PSŽ” toparyna geçmek bilen köpleri haýran galdyrypdy. Janköýerler ony “Barselona” bilen bagry badaşan hasaplaýardylar.

Ýöne “PSŽ” toparyna geçmek bilen köpleri haýran galdyran Lionel Messi täze toparynda ynamly oýun görkezip bilmeýär. Ýöne Messiniň gelmegi bilen onuň “PSŽ” toparyndaky köýnekçesiniň satuwy ýokary görkezijilere eýe bolýar.

Argentinaly hüjümçiniň futbol köýnekçesiniň satuwyndan gelýän girdeji toparyň ähli aksesuarlarynyň söwdasynyň 60 göterimini düzýär.

Halkara neşirleriň maglumatyna görä, Messiniň “30” belgili köýnekçesiniň 1 milliondan gowragy satyldy. Olaryň her biriniň bahasy 113 dollara deňdir.

Diýmek, Messiniň futbol köýnekçeleri häzirki wagtda topary belli bir derejede girdeji gazandyrýar.

 

Maýk Taýson süýji öndürýär

Ýene-de okaň

Ýamal bilen Holand iň gymmat futbolçylar boldy

Kazemiro “Inter Maýami” toparynyň futbolçysy boldy

Türkmenistanyň sport federasiýalary resmi internet saýtlaryny işe girizdiler

Dünýä çempionatynyň finalyny rekord derejede 63 million adam tomaşa etdi

Dünýä çempionaty-2026: ýatda galan gyzykly maglumatlar

Türkmenistan Bakuwda geçiriljek ýaşlaryň dünýä çempionatyna gatnaşar