SPORT

Messi we Suares öz futbol toparyny döretdiler

MLS-iň (Amerikanyň Baş futbol ligasy) “Inter Maýami” klubunyň oýunçylary — sekiz gezek “Altyn topuň” eýesi argentinaly Lionel Messi we Ispaniýanyň “Barselona” topary bäş gezek çempion bolan urugwaýly Luis Suares özleriniň futbol klubuny döretdiler. Bu barada Suares “X” jemgyýetçilik tory arkaly habar berdi.

Täze topar “Deportivo LSM” adyny aldy we ol Urugwaýyň çempionatynyň güýç derejesi boýunça dördünji diwizionynda çykyş eder. “LSM” gysgaldylmasy futbolçylaryň atlarynyň baş harpyndan emele gelýär.

“Şu gün men urugwaý futbolyna täze ýetginjekleri we çagalary çekmek mümkinçiliklerini hödürlemek isleýärin. Şonuň üçin biz täze döreden toparymyz bilen bilelikde Urugwaýyň Futbol federasiýasynyň guramagyndaky ýaryşlara gatnaşmagy makul bildik. Bu biziň üçin uly ylham çeşmesi we meniň hem-de maşgalamyň bu taslama bolan ynamymyz öňe uly ädim ätmäge mümkinçilik berýär” diýip, Suares aýtdy.

Häzirki möwsümde Messiniň we Suaresiň çykyş edýän “Inter Maýami” topary Gündogar konferensiýasynda 14 oýundan soň 23 utuk bilen ýedinji ýerde durýar. Geljek tapgyrda bu topar 29-njy maýda öz meýdançasynda “Monreal” topary bilen oýnar.

Ýene-de okaň

Garet Beýl “Kardiff Siti” futbol toparyny satyn almak isleýär

Ata Watan Eserleri

Halkara Olimpiýa komitetiniň täze ýolbaşçysy wezipesine girişdi

“Oklahoma” taryhynda ilkinji gezek NBA çempiony boldy

Iňlis futbolynyň iň gymmat transferi: Wirs “Liwerpula” geçdi

Gökderede ýangyn-amaly sport bäsleşigi geçirildi

Halkara küşt ýaryşy: Türkmenistan 19 medal bilen birinji boldy