SPORT

Messi we Mbappe dünýäniň iň täsirli adamlarynyň sanawynda

Lionel Messi 2023-nji ýyl boýunça “Time” žurnaly tarapyndan taýýarlanan dünýäniň iň täsirli 100 adamynyň sanawynda orun aldy. Üstümizdäki ýylda bu sanawda türgenleriň arasynda Lionel Messi we Kilian Mbappe bar. Her iki futbolçy Fransiýanyň “PSŽ” toparynyň düzüminde çykyş edýär.

Lionel Messi bu snawda “öňdebaryjylar” sanawynda orun alan bolsa, Mbappe “täzelikçiler” sanawynda orun aldy.

Şeýle hem bu sanawda zenan tennis türgeni Iga Şwentege hem orun berildi. Mundan başga-da, Mikael Şiffrin we amerikan futbolynyň türgeni Patrik Mahomus hem sanawda orun alan türgenlerdir.

Ýene-de okaň

Geçen ýylyň çempiony “Arkadag” täze möwsüme uly hasaply ýeňiş bilen başlady

Ankarada 2026-njy ýylyň şygryna we Bütindünýä saglyk günine bagyşlanan futbol bäsleşigi geçirildi

Aziýanyň boks çempionaty:türkmenistanly Döwlet Yslamow ýarym finala çykdy

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň täze möwsüminiň ilkinji duşuşyklary

Türkmenistanyň futbol çempionaty başlaýar

Ata Watan Eserleri

Türkmen türgenleri 3 aýda 123 medal gazandy