SPORT

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

“Inter Maýami” toparynyň hüjümçisi ýubileý goluny “Neşwill” toparyna garşy oýunda geçirdi.

Amerikanyň “Inter Maýami” futbol klubynyň argentinaly hüjümçisi Lionel Messi karyerasyndaky 900-nji goluny urdy. Hüjümçi KONKAKAF Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň “Neşwill” toparyna garşy öz meýdançasynda geçirilen oýunda (1:1) tapawutlandy.

Bu gol 38 ýaşly argentinaly üçin “Inter Maýami” düzümindäki 81-nji gol boldy. Şeýle hem onuň hasabynda Ispaniýanyň “Barselona” topary üçin 672 gol, Fransiýanyň “Pari Sen-Žermen” topary üçin 32 gol we Argentina ýygyndysynyň düzüminde 115 gol bar.

“Inter Maýami” kubogyň çärýek finalyna çykyp bilmedi, ilkinji oýun 0:0 hasabynda tamamlanypdy we “Neşwill” myhmançylykda urlan gol düzgüni esasynda ýaryşy dowam etdirdi.

Messiniň 38 ýaşynda we  ol 2023-nji ýyldan bäri “Inter Maýami” toparynda çykyş edýär. 2025-nji ýylda argentinaly bu toparyň düzüminde Baş futbol ligasynyň (MLS) çempiony boldy.

Ol 2003-2021-nji ýyllar aralygynda “Barselonada” oýnady. Hüjümçi bu toparyň düzüminde 10 gezek Ispaniýanyň çempiony, 8 gezek Ispaniýanyň Superkubogynyň, 7 gezek ýurduň kubogynyň eýesi boldy, 4 gezek Çempionlar ligasynda, 3 gezekden bolsa UEFA-nyň Superkubogynda we klublar arasyndaky dünýä çempionatynda ýeňiş gazandy.

Messi Argentina ýygyndysynyň taryhyndaky iň köp gol geçiren oýunçysydyr. Ol milli ýygynda bilen dünýä çempiony (2022), Finalissima ýeňijisi (2022), Amerika kubogynyň (2021, 2024), Olimpia oýunlarynyň (2008) we ýaşlar arasyndaky dünýä çempionatynyň (2005) ýeňijisi boldy.

Argentinaly futbolçy rekord derejede — 8 gezek “Altyn top” baýragynyň eýesi boldy. Hüjümçi futbol taryhynda iň köp kubok gazanan  futbolçydyr (48 kubok).

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler

Türkmen küştçüleri Buharada üstünlikli çykyş etdiler

Merkezi Aziýada ilkinji gezek suwdaky «Formula-1» dünýä kubogy Yssykköl sebitinde geçiriler

«Arkadag» topary bassyr ikinji ýyl Türkmenistanyň Kubogyny gazandy

TFF-niň Kubogy: finalda “Arkadag” hem-de “Şagadam” toparlary duşuşar

2025-nji ýylyň jemleri: Elman Tagaýew möwsümiň “Iň ökde oýunçysy”