SPORT

Messi iň köp kubok gazanan futbolçy boldy

Şu gün Kopa Amerika ýaryşynyň finaly geçirildi. Onda Argentina bilen Kolumbiýa duşuşdy. Kolumbiýany 1:0 hasabynda ýeňen Argentinanyň düzüminde çykyş edýän Lionel Messi gazanan kuboklary boýunça dünýäde birinji orna çykdy. 37 ýaşyndaky hüjümçiniň kuboklarynyň sany 45-ä deň boldy.

Bu ugurda ikinji orny Dani Alwes eýeläp, onuň kuboklarynyň sany 44-e deňdir. Üçünji orundaky müsürli futbolçy Hossam Aşur “Al-Ahli” toparynyň düzüminde çykyş edip, oýnan döwründe 39 kubok gazandy.

Kopa Amerikada 4 duşuşykda oýnan Messi 1 gezek tapawutlandy. 2023-nji ýyldan bäri ABŞ-nyň “Inter Maýami” toparynda çykyş edýän Messiniň transfer bahasy 30 million ýewro deňdir.

Ýene-de okaň

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler