SPORT

Meşhur tälimçi Mourinýo “Fenerbahçe” tälim berer

Dünýä belli portugal tälimçi Žoze Mourinýo Türkiýäniň “Fenerbahçe” toparyna tälim berer. Portugal hünärmen bilen türk topary bilen 2 ýyllyk şertnama baglaşar.
61 ýaşyndaky portugal tälimçi mundan ozal, Portugaliýanyň “Porto” we “Benfika”, Angliýanyň “Çelsi”, “Mançester Ýunaýted” we “Tottenhem”, Ispaniýanyň “Real Madrid” we Italiýanyň “Inter” we “Roma” toparlaryna tälim beripdi.
Ol şu ýylyň ýanwar aýynyň ortalarynda “Roma” toparyndaky tälimçi wezipesindne boşadyldy we şondna bäri hiç ýerde işlänok.
Türkiýäniň “Fenerbahçe” topary hem şu möwsümde 99 utuk bilen milli futbol çempionatynda 2-nji boldy.

Ýene-de okaň

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler