TEHNOLOGIÝA

Meşhur kompýuter oýny satyldy

1985-nji ýylda “Nintendo” kompaniýasy “Super Mario Bros” kompýuter oýny çykarýar we ýyllar boýy öz meşhurlygyny saklap gelýär. Şu aýyň başynda bolsa bu oýun auksionda satylypdyr. 1986-njy ýylda oýun Täze ýyl sowgady hökmünde satyn alynýar, ýöne hiç kim ony oýnamaýar we 35 ýyllap şeýdip galýar. Kompýuter oýny auksionda näbelli kolleksioner tarapyndan 660 müň dollara satyn alynypdyr. “Associated Press” habar gullugynyň habaryna görä, bu kompýuter oýunlaryň arasynda şu wagta çenli satylan iň ýokary bahaly oýun we bu babatda rekord hasaplanylýar. Dünýäde 50 milliondan gowrak bu oýunyň nusgasy satylypdyr.

“Bu oýun üçin önümçilik wagty beýlekiler ýaly örän gysga boldy. Şol bir önümçilik döwründen tapylmadyk oýun tapmak, ummanda bir damja suw gözlemek ýalydyr”-diýip, wideo oýunlar boýunça hünärmen Waleri Makleki belläp geçýär.

“Türkmenistan” awiakompaniýasyndan ýörite uçar gatnawy

 

 

 

Ýene-de okaň

Hytaýda ilkinji emeli aňly ýol gözegçisi işe girizdi

Belarus 2029-2030-njy ýyla çenli raýat uçaryny döretmegi meýilleşdirýär

BMG: dünýäde internet ulanyjylarynyň sany 6 milliarddan geçdi

Aşgabat-Astana: Merkezi Aziýada täze sanly ýollar dörediler

Awstraliýada 16 ýaşdan kiçi çagalar üçin jemgyýetçilik torlar gadagan edildi

Tbiliside bahasy 1,25 mlrd dollar bolan täze howa menzili gurlar