SPORT

Meşhur futbolçy yslam dinini kabul etdi

Niderlandlar Patyşalygynyň futbolynyň meşhur ýyldyzy Klarens Zeedorf yslam dinini kabul edendigini mälim etdi. Bu barada köp sanly metbugat gulluklary habar berýär.

4 gezek dürli topar bilen Çempionlar ligasynyň kubogyny gazanan 45 ýaşyndaky Zeedorf “Instagram” jemgyýetçilik torundaky hasabynda yslam dinini kabul edendigi barada beýanat berdi.

– Musulman maşgalasyna goşulandygym baradaky kararymdan soňra gelen habarnamalar üçin minnetdarlyk bildirýärin. Hususan-da, yslam dininiň çuňňur manysyny maňa düşündiren aýalym Sofiýa aýratyn minnetdarlyk bildirýärin. Men adymy üýtgetmedim, ozalky adymy göterýärin. Dünýädäki ähli adamlara öz söýgimi ýollaýaryn – diýip, ozalky futbolçy belläp geçýär.

Klarens Zeedorf futbol oýnan döwründe “Aýaks”, “Milan”, “Real Madrid” we “Inter” ýaly toparlarda çykyş etdi. Ol 4 gezek Çempionlar ligasynyň kubogyny gazandy hem-de Ispaniýada we Italiýada çempion boldy.

 

Türkmenistan-Germaniýa: diplomatik gatnaşyklaryň 30-njy ýyly

Ýene-de okaň

44 gün tälimçilik etdi

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär