Halkymyzyň we tutuş Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň «Mert ýigit mert ärden öner», «Eý, ýaranlar, mert ýigitden mert dogar» diýen şahyrana taglymlary ata-babalarymyzyň ençeme müň ýyllaryň dowamynda halk döredijiligi eserlerine siňdiren «Mert ýigitden mert dogar» diýen atalar sözünden gözbaş alýar. Çünki, weli şahyrymyzyň «mertlik» taglymynyň düýp mazmun özenini parasatly pederlerimiziň «Mert ýigitden mert dogar», «Mert elinden köp iş geler, namartdan hiç iş bitmez», «Mert Hudaýdan görer, namart ýoldaşyndan», «Mert serini berer, syryny bermez», «Mert ýigitler supra ýaýar, a:t alar», «Mert ýigitler saçak açar a:t alar», «Mert söweşde belli, dana – geňeşde», «Mert özünden görer, namart – ýoldaşyndan», «Merde ýalbarsaň peseler, namarda ýalbarsaň eseler», «Mert – iliň adamy», «Merdi magtasaň-da mert, namardy magtasaň – dert», «Merdiň sözi ýeke, namardyň özi ýeke», «Mert berip guwanar, namart – alyp», «Mertde mähir bolar, namartda – gahar», «Namart – aş üstünde, mert iş üstünde» – diýen ýaly pähim-paýhasa ýugrulan parasatly sözlerindäki merdiň keşbi düzýär. Diýmek, Magtymguly Pyragy ata-babalarymyzyň «Mertlik» pendine ýugrulan dana pähim-paýhasyny has içgin öwrenipdir we olary öz eserlerine nepislik bilen siňdirip, täzeçe görnüşde ýene halka gaýtaryp beripdir. Muny, beýik akyldar şahyrymyzyň milletimiziň gadymy atalar sözlerindäki «Mertlik» pentlerine ýugrulan:
– Mert bolar men diýseň, merde hemra bol.
– Ýa bir merde ýykyl, ýa-da Hudaýa.
– Ýüz namart ýerini tutmaz bir merdiň
– Mert çykar myhmana güler ýüz bilen
– Mert çeker täsibin iliñ-ýurduñ,
– Merde her iş düşse, görer Hudaýdan,
– Mertden aşna tutsañ, abraýña şärik
– diýen şahyrana setirleri hem aýan edýär. Şeýlelik bilen, Magtymguly atamyz özüniň çeper döredijiligindäki «Mertlik» pelsepesiniň many-mazmuny baýlaşdyryp, halk arasyndaky täsirliligini artypdyr. Hut şu nukdaýnazardan-da, hormatly Prezidentimiz «Mertler Watany beýgeldýär» atly ajaýyp kitabynda: « XVIII asyryň türkmen durmuşynyň beýik akyldary Magtymguly Pyragy mertlik pentlerini döredijiliginiň baş mazmunyna öwrüpdir[1].» – diýip örän jaýdar belläp geçýär. Magtymguly Pyragynyň mertlik pentleri bolsa, türkmen ýigidiniň şahsyýetini bezeýän ajaýyp gylyk-häsiýetiniň şahyrana dildäki çeper aňlatmasydyr. Bu çeper aňlatmanyň edermenlik, batyrlyk, jomartlyk diýen manylary berýändigine Aşyrpur Meredowyň 1997-nji ýylda neşir edilen «Magtymgulynyň düşündiriş sözlügi» atly kitabyna ser salanyňda anyk-aýdyň göz ýetirmeklik bolýar[2]. Diýmek, dana Magtymguly atamyz edermenlik, batyrlyk, jomartlyk ýaly ajaýyp gylyk-häsiýetleri bilen ile özüni aldyran türkmen mert ýigitleriniň gaýratynda özüniň bütin ömrüne arzuwlan berkarar döwletiniň, ajap eýýamynyň wysalyny görüpdir we bu babatda öz iliniň gerçekleriniň ruhuny galkyndyrmaklygy baş maksat edinipdir.
Magtymguly atamyzyň çeper pikirlenmesiniň baý mazmuna öwrülen mertlik aňlatmasynyň pelsepe esaslaryny Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky dil-edebiýat we milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri, dil-edebiýat ylymlarynyň kandidaty Käbe Borjakowa «Magtymguly Pyragynyñ edebi mirasynda «Mert ýigit» pelsepesi» atly ylmy makalasynda has içgin düşündirýär. Halypa zenan alymymyz Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyndaky mertligiň ylmy nazaryýet taýyndan erkek adamyň pähimliliginiň, dogumlylygynyň, gaýratlylygynyň, batyrlygynyň, edermenliginiň, çydamlylygynyň, jomartlygynyň, rehimliliginiň, myhmanparazlygynyň, watansöýüjiliginiň, ynsanperwerliginiň, dogry sözlüliginiň, wepalylygynyň, göwnaçyklylygynyň, elaçyklylygynyň jemi diýmekligi aňladýandygyny beýan edýär. Diýmek, beýik akyldar şahyrymyzyň şahyrana dünýäsindäki mertlik düşünjesi türkmen ýigdiniň beýik şahsyýetini, belent abraýyny, oňa mahsus bolan milli gylyk-häsiýetini alamatlandyrýar.
Filologiýa ylymlarynyň doktory Jora Allakowyň «Magtymgulynyň döredijiliginde merdiň keşbi» atly ylmy makalasyndaky: «Magtymgulynyň döredijiliginde watançylyk, mertlik, batyrlyk, gaýratlylyk, ar-namyslylyk, päklik onuň nusgawy gahrymanynyň esasy sypatlary bolup, ol sypatlar mert, goç ýigit, ýigit, är, är ýigit ýaly adalgalarda öz beýanyny tapypdyr.»[3] – diýen ylmy nazaryýetiniň mysalyna beýik akyldar şahyryň «Bolar sen»[4] atly şygrynyň:
Kämil tapsaň, goý ýolunda başyňy,
Är ardynda gezseň, är dek bolar sen – diýen,
«At ýanynda bellidir»[5] atly goşgusynyň:
Ýigit diýgeç hemme ýigit ýigit bir bolmaz,
Goç ýigitler myhmanynda bellidir. – diýen şahyrana setirleriniň
mazmunynda-da gabat gelmeklik bolýar. Çünki, bu şygyrlarda mertlik keşbi goç ýigit, ýigit, är, är ýigit ýaly adalgalaryň esasynda suratlandyrylyp teswirlenýär.
Magtymguly atamyz «Aty gerek»[6] atly goşgusynyň:
At gazanar goç ýigidiň,
Owwal bedew aty gerek.
Gelene garşy çykmaga,
Ýagşy muhupbeti gerek – diýen bendinde mert adyny gazanan türkmen ogluny bedewsiz göz öňüne getirmeýär. Çünki bedew at mert ýigidiň baky wepadar ýoldaşy. Bu barada filologiýa ylymlarynyň doktory Jora Allakow «Magtymgulynyň döredijiliginde merdiň keşbi» atly ylmy makalasynda: «Şahyryň jöwher şygryýetinde türkmen bedewi hemişe mert ýigit bilen bilelikde göz öňünde janlandyrylýar. Olaryň ikisiniň hem ajaýyp sypatlary bilelikde taryp edilýär. Bu hakykat mert türkmen ýigidiniň keşbiniň milliligini-de, durmuşylygyny-da alamatlandyrýar.»[7] – diýip örän jaýdar belleýär.
Magtymguly Pyragynyň çeper pikirlenmesinde hemişe türkmen bedewi bilen bilelikde göz öňünde jandyrylýan mert ýigit teswiri Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hem öz beýanyny tapýar. Gahryman Arkadagymyzyň behişdi ahalteke bedewleri bilen didarlaşan her bir pursady, hususan-da, 2017-nji ýylyň 8-nji maýy, 2021-nji ýylyň 22-nji we 23-nji apreli, 2021-nji ýylyň 6-njy iýuny senelerinde hakydamyzda baky galan taryhy pursatlar Magtymguly atamyzyň mertlik pelsepesiniň baý mazmunyny göz öňüňde janlandyrýar. Milli Liderimiziň şu ýylyň 6-njy iýunynda ýurdumyzyň atşynaslarynyň adyndan özüne sowgat berlen Hankerwen atly bedewiň ady barada aýratyn durup geçmeklik bilen, «Hankerwen» diýen sözüň aňyrsynda türkmen ilinde mukaddeslik derejesine göterilen dowamatyň bardygyny dile getirip, kerwen hatarlarynyň uzap gidişi ýaly, bu ugurda bar bolan asylly ýörelgeleriň hem taryhyň dowamynda nesilden-nesle geçip, dowam bolmagyny arzuw etmekliginiň özünde diýseň uly many bardyr. Çünki, Gahryman Arkadagymyzyň «Hankerwen» diýen sözüň aňyrsynda türkmen ilinde mukaddeslik derejesine göterilen dowamatyň bardygy baradaky parasatly taglymy beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň «Dert boldy»[8] atly şygrynyň:
Eý, ýaranlar, mert ýigitden mert dogar – diýen, «Mert bolmaz»[9] atly goşgusynyň:
Mert ýigit mert ärden öner – diýen şahyrana setirleriniň baý mazmunyny özünde jemleýär. Diýmek, Magtymguly atamyzyň «Mert ýigitden mert dogar» diýen atalar sözüniň manysyna mazmundaş öňe süren bu şahyrana setirleri adaty bir durmuş hakykatydyr. Mertebesi belent hormatly Prezidentimiziň «Mertler Watany beýgeldýär» atly ajaýyp kitabyndaky: «Mogol hany Çingiz han Hind derýasynyň boýunda bolan söweşde, Jelaleddin Meňburnuň gahrymançylygyny görüp, öz gözügidijiligini we duşmanyna bolan pynhan buýsanjyny şeýle sözler bilen daşyna çykarýar: «Ine, atanyň ogly şeýle bolmalydyr.»»[10] – diýen taryhy tymsaly hem, Magtymguly Pyragynyň «Mert ýigitden mert dogar» diýen atalar sözüniň manysyna mazmundaş öňe süren «Mert ýigit mert ärden öner», «Eý, ýaranlar, mert ýigitden mert dogar» diýen şahyrana taglymlarynyň durmuşyň synagyndan geçen takyk netijesidir. Çünki, türkmen halkynyň 5000 ýyllyk şöhratly taryhyna ser salamyzda-da, Gadymy Oguz türkmen döwletinde Oguz handan Gün han, Beýik Seljukly türkmenleriň döwletinde Çagry begden Alp Arslan, Alp Arslandan Mälik şa, Mälik şadan Soltan sanjar, Köneürgenç türkmenleriň döwletinde Muhammet Horezmşadan Jelaleddin Meňburun ýaly beýik şahsyýetleriň kemala gelmekligi «Mert ýigitden mert dogar» diýen atalar sözüniň hem-de akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň «Mert ýigit mert ärden öner», «Eý, ýaranlar, mert ýigitden mert dogar» diýen şahyrana taglymlarynyň ýöne ýerden döremändigini görkezýär. Bu babatda Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewa hem, beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyraga nezire hökmünde ýazan «Mert ýigit mert ärden öner»[11]atly şygrynda:
Bu ýodalaň, bu ýollaryň gelşini,
Oguldan-ogula güýjün geçirip.
Mert ärleriň ýürek bolup bilşini,
Il-gününe döwür-döwran eçilip
– diýen şahyrana setirleri dile getirýär. Bu ajaýyp şygrynda halypa zenan şahyrymyz mertlerden dörän mertleriň atasynyň ýoluny dowam etdirip, il-gününiň asuda, bagtyýar, bolelin durmuşy üçin döwür-döwran eçilýändigi baradaky taryhy hakykaty öňe sürýär. Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewanyň özi hem, bäş müň ýyllyk şöhratly taryhymyzda beýik döwletleri gurup, Watany gülledip ösdüren türkmeniň mert ýigitleriniň dowamaty bolan mert nesillerine ýarym asyrdan gowrak wagtlap garaşandygyny «Ahmyrly ýyllara ýüzlenme» atly şygrynyň:
Men artyk sözlemäýin, ýetikdir derdim meniň,
Ýol söküp, gözlemäýin dogmandyr merdim meniň – diýen setirinde beýan edýär. Ussat halypa zenan şahyrymyza özüniň ömürboýy garaşan mert şahsyýetini, türkmeniň mert ogluny görmeklik bagty Berkarar döwletimiziň häzirki bagtyýarlyk döwründe miýesser edýär. Ol bu bagty ýurdumyzda häzirki ajaýyp döwrümizi esaslandyran Gahryman Arkadagymyzyň Beýik Şahsyýetinde görendigini, milli Liderimiziň mertliginiň ýeke-täkdigini, ony hiç bir ynsan oglunyň gaýtalap bilmejekdigini, özüniň «Gahryman Arkadag» poemasynda uly buýsanç bilen nygtamaklyk bilen:
…Aýt, kime başardar mertligi bilen,
Il öňünde Özüň ýaly sak durmak.
Bu mertligi gözläp bolmaz her kimden,
Çykmaz ol erkinden, bäri berkinden,
Beýdäýmege kesbi-kärden bolmaly,
Aý Eneden, hem mert ärden önmeli – diýen ajaýyp şahyrana setirleri dile getirýär. Ussat zenan şahyrymyz beýik Magtymguly Pyragynyň «Mert ýigitden mert dogar» diýen atalar sözüniň manysyna mazmundaş öňe süren «Mert ýigit mert ärden öner», «Eý, ýaranlar, mert ýigitden mert dogar» diýen şahyrana taglymlarynyň mukaddes Watanymyzyň häzirki Bagtyýarlyk zamanasynda hem öz beýanyny tapýandygyny «Arkadagym merdanamsyň, merdimsiň»[12] atly poemasyndaky:
Asla bolup bilmez Sen bolup biljek,
Diňe Saňa bagly ertämiz Gerçek,
Dowamyň barlygy yzyň eýerjek,
Arkadagym, Merdanamsyň, Merdimsiň – diýen, «Dowamat dowamdyr, dowam Arkadag» atly poemasynyň:
…Baksa nazaryňy Kerim ýatladýar,
Dowamatyň dowam, dowam Arkadag! – diýen ajaýyp şygyr setirlerinde belleýär. Halypa zenan şahyrymyz bu liriki eserinde Gahryman Arkadagymyzyň agtygynyň keşbindäki mertlik gylyk-häsiýetiniň nesil-nebere yzarlaýandygyny, ýagny agtyga kakasyndan geçen mertligiň onuň kakasyna kakasynyň kakasyndan geçendigini, edebi dilde aýdanymyzda, onuň atasyna atasynyň atasyndan geçendigini:
– Mertlik geçip barýar at:a atadan[13],
– Ataga atadan ýol ýatyr bärde[14] – diýen şygyr
setirlerinde uly buýsanç bilen belleýär. Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewa, özüniň bu şygyr setirlerinde, «Dowamdadyr mert zürýady Ýigidiň»[15], «Dowamat dowamdyr, dowam Arkadag»[16] atly poemalarynda we başga-da birnäçe liriki eserlerinde milli Liderimiziň dowamatynyň türkmen halkynyň häzirki Bagtyýarlyk döwrüniň dowamatydygyny uly buýsanç bilen beýan edýär. Hut şu nukdaýnazardan-da, şahyr beýik Magtymguly Pyragynyň «Mert ýigit mert ärden öner», «Eý, ýaranlar, mert ýigitden mert dogar» diýen parasatly taglymlary bilen «Mert ýigitden mert dogar» diýen atalar sözüniň manysyna mazmundaş «Watan ogly mertden geler» diýen ajaýyp şahyrana pikir-garaýyşyny öňe sürýär. Munuň özi halypa zenan şahyryň aňrybaş ussatlygyndan habar berýär. Şeýlelik bilen, Beýik Magtymguly Pyragynyň mertlik pelsepesi häzirki zamanyň türkmen şygryýeti üçin jöwhermaýa gönezligine öwrüldi.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky dil-edebiýat we milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri, dil-edebiýat ylymlarynyň kandidaty Käbe Borjakowa «Magtymguly Pyragynyñ edebi mirasynda «Mert ýigit» pelsepesi» atly ylmy makalasynda beýik akyldaryň «mertlik» aňlatmasynyň döwrebap manysyny ylmy taýdan teswirläp: « Häzirki zaman nukdaýnazaryndan mertlik, munuň özi hamyrmaýasy–batyrlyk, gaýduwsyzlyk, ar-namyslylyk, şol bir wagtyň özünde hem ylymlylyk, bilimlilik, kämillik, maksadaokgunlylyk, çözgüt edip biljilik, adalatlylyk, tiz pähimlilik, sagdyn bedenlilik, polat ýaly erklilik, täze tilsimatlardan baş çykaryp bilijilik, päk ahlaklylyk, giň we çuň gözýetimlilik, jogapkärçilik, işjanlylyk, erjellik… diýmegi aňladýar.» – diýip belleýär.
Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewa «Watan ogly mertden geler»[17] atly şygrynyň:
Watan ogly mertden geler,
Ömürlik ömrüni egläp.
Il Ogly deý ismin ýaýar
Türkmenini bar eýläp. – diýen ajaýyp setirlerinde özüniň «mertlik» babatdaky şahyrana pikir-garaýyşlaryny beýan edeninde hormatly Prezidentimiziň Beýik Şahsyýetini, il-ýurt bähbitli amala aşyrýan ägirt uly işlerini bir pursat hem nazaryndan sypdyrmaýar.
Toýly Jänädow,
Mary welaýatynyň Mary etrabynyň
Ruhubelent geňeşliginiň ýaşaýjysy
[1] Gurbanguly Berdimuhamedow. Mertler Watany beýgeldýär. – A: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2017. 24-nji sahypa
[2] Meredow A. Magtymgulynyň düşündirişli sözlügi. II bölüm.–Kümmethowuz: „T–Ý“, 1997. 514-nji sahypa
[3] Köňül gözgüsi. Magtymgulynyň 290 ýyllygyna bagyşlanan makalalar ýygyndysy. A.: Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar instituty, 2014. 80-nji sahypa
[4] Magtymguly. Eserler ýygyndysy I jilt. – A.: Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar instituty, 2012 372-nji sahypa
[5] Magtymguly. Eserler ýygyndysy I jilt. – A.: Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar instituty, 2012 297-nji sahypa
[6] Magtymguly. Eserler ýygyndysy I jilt. – A.: Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar instituty, 2012 220-nji sahypa
[7] Köňül gözgüsi. Magtymgulynyň 290 ýyllygyna bagyşlanan makalalar ýygyndysy. A.: Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar instituty, 2014. 80-nji sahypa
[8] Magtymguly. Eserler ýygyndysy I jilt. – A.: Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar instituty, 2012. 180-nji sah.
[9] Magtymguly. Eserler ýygyndysy I jilt. – A.:Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar instituty, 2012. 276-njy sah.
[10]Gurbanguly Berdimuhamedow. Mertler Watany beýgeldýär. – A: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2017. 244 – 245 -nji sahypalar
[11]Gözel Şagulyýewa. Dünýäň özem gözellige aşykdyr. – A.:Türkmen döwlet neşirýät gullugy. 2013. 95 – 96-njy sahypalar.
[12]Gözel Şagulyýewa. Gezdim şygryň dünýäsinde. – A.:Türkmen döwlet neşirýät gullugy. 2020. 148-nji sahypa
[13]Gözel Şagulyýewa. Dünýäň özem gözellige aşykdyr. – A.:Türkmen döwlet neşirýät gullugy. 2013. 61-nji sahypa
[14]Gözel Şagulyýewa. Dünýäň özem gözellige aşykdyr. – A.:Türkmen döwlet neşirýät gullugy. 2013. 53-nji sahypa
[15] Gözel Şagulyýewa. Dünýäň özem gözellige aşykdyr. – A.:Türkmen döwlet neşirýät gullugy. 2013. 90-njy sahypa.
[16] Gözel Şagulyýewa. Dünýäň özem gözellige aşykdyr. – A.:Türkmen döwlet neşirýät gullugy. 2013. 116-njy – 130-njy sahypalar.
[17]Gözel Şagulyýew. Ak gülleriň – ak ýolum. – A.: Türkmen döwlet neşirýät gullugy. 2010. 65 – 66-njy sahypalar.