DÜNÝÄ

Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň ilçileri Pakistanyň Deňiz ministrligine bardylar

Türkmenistanyň Ilçisi A.Möwlamow hem-de Azerbaýjanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri Pakistanyň Deňiz ministrligine bardylar. Ilçiler saparyň dowamynda Pakistanyň Deňiz işleri boýunça federal ministri Muhammet Junaid A. Çaudriniň ejesiniň aradan çykmagy bilen gynanç bildirdiler we bu agyr pursatda goldaw sözlerini beýan etdiler.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda deňiz gatnawlary we port logistika ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada pikir alyşdylar. Bu ugurda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň sebit arabaglanyşygyny berkitmek we ykdysady durnukly ösüş üçin möhüm ähmiýete eýedigi nygtaldy.

Duşuşygyň soňunda taraplar hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek baradaky gyzyklanmalaryny tassyklap, sebit ýurtlarynyň arasynda üstaşyr we deňiz gatnawlary boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin yzygiderli duşuşyklary geçirmek barada ylalaşdylar.

Ýene-de okaň

Türkmenistan 3 aýda 520 sany halkara duşuşyklaryny geçirdi

Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy mejlisine gatnaşdy

Eýranyň Aşgabatdaky medeniýet merkezi surat çekmek bäsleşigini geçirýär

Türkmenistanyň Ilçisiniň Gruziýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşygy

Türkmenistanyň wekiliýeti «Energoprom-2026» Kazan forumyna gatnaşdy

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlaryny ösdürmegi maslahatlaşdylar