BIZNES

Merkezi Aziýanyň ulag ministrleriniň ilkinji duşuşygy geçiriler

Täjigistan Respublikasynyň paýtagty Duşanbe şäherinde 14-15-nji sentýabrda geçiriljek Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Baştutanlarynyň 5-nji konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde Merkezi Aziýanyň ulag ministrleriniň birinji duşuşygy geçiriler. Bu barada Täjigistanyň Ulag ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ulag ministrleriniň ilkinji duşuşygy ulag we logistika meselelerini ara alyp maslahatlaşmak we mundan beýläk-de sazlaşdyrmak üçin möhüm meýdança bolar.

Merkezi Aziýa döwletleriniň ulag ministrleriniň ilkinji duşuşygynda Merkezi Aziýada gury ýer ulaglarynyň özara baglanyşygyny güýçlendirmek baradaky Ylalaşygyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşylar we tassyklanar. Bu resminama Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň 5-nji konsultatiw duşuşygynda  çäginde gol çekiler.

Bu şertnama gol çekmegiň maksady, Merkezi Aziýa sebitinde ulag we logistika pudagynda, şol sanda halkara gury ýer ulagynyň ösüşi üçin amatly şertleri döretmek, Merkezi Aziýa sebitindäki ulag hyzmatlary bazarynda bäsdeşlik gurşawyny üpjün etmek hem-de multimodal we täze halkara ulag geçelgeleri emele getirmekden ybaratdyr.

Duşuşygyň jemleri boýunça sebitdäki bäş ýurdunyň ulag ministrleri Bilelikdäki beýanaty kabul ederler.

Duşanbede sebitdäki ýurtlaryň ulag ministrleri ikitaraplaýyn duşuşyklary geçiriler.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder