Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýer Berlin şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlary bilen duşuşar. Bu barada Germaniýanyň Prezidentiniň resmi saýtynda duşuşyklaryň senenamasynda bellenilip geçilýär.
Berlen maglumata görä, Merkezi Aziýanyň Prezidentleri 29-njy sentýabrda Germaniýanyň paýtagty Berlin şäherinde saparda bolarlar. Şol ýerde Prezident Ştaýnmaýeriň Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşygy göz öňünde tutulýar.
Prezidentiň saýtyndaky maglumata laýyklykda, Belwýu köşgünde bilelikde surata düşmek dabarasy geçiriler.
Mälim bolşy ýaly, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýer şu ýylyň iýun aýynda Gyrgyzystanda we Gazagystanda saparda bolupdy. Şonda Ştaýnmaýew Germaniýanyň Merkezi Aziýa döwletleri bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga taýýardygyny belläpdi.
