Şu gün Duşenbe şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynyň jemleri boýunça birnäçe resminamalar gol çekildi.
Sammitiň jemleri boýunça gol çekilen resminamalar
- Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynyň Bilelikdäki beýanaty.
- Türkmenistanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň arasynda ýaşlar syýasatynyň umumy ugurlary boýunça ylalaşyk.
- Merkezi Aziýada gury ýer ulaglarynyň özara baglanyşygyny güýçlendirmek barada ylalaşyk.
Sammitiň çäklerinde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklary üçin Milli utgaşdyryjylar geňeşiniň düzgünnamasy hem-de 2022-2025-nji ýyllar üçin Merkezi Aziýada saglygy we abadançylygy goldamak üçin “Ýol kartasy” kabul edildi.
Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň başlyklyk etmegine geçirilen sammite Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, şeýle hem Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew gatnaşdy.
Şeýle hem sammitiň çäklerinde Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň çakylygy boýunça Täjigistanda iş sapary bilen bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormatly nyşany» bilen sylaglanyldy.








