JEMGYÝET

Merkezi Aziýanyň Baştutanlary Türkmenistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutladylar

Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlary Türkmenistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutladylar. Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow hem-de Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon öz gutlag hatlarynda Türkmenistan bilen gatnaşyklaryna ýokary baha berip, Türkmenistanyň Prezidentine jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikler arzuw etdiler.

Bu gutlag hatlarynda şeýle diýilýär:

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Doglan günüňiz mynasybetli iň gowy arzuwlarymy we tüýs ýürekden gutlaglarymy ibermäge şatdyryn.

Biz Sizi türkmen halkynyň hormat-sarpasyna mynasyp bolan döwlet we syýasy işgär, hakyky watançy, öz Watanynyň wepaly ogly hökmünde tanaýarys. Soňky ýyllarda Siziň baştutanlygyňyzda halkyňyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga, durmuş-ykdysady ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmak işi dowam etdirilýär, ýurduňyzyň halkara giňişlikdäki abraýy has-da belende galýar.

Biziň dostlukly gatnaşyklarymyz, ýokary derejedäki duşuşyklarymyz we yzygiderli dialog arkaly iki ýakyn goňşy ýurduň strategik hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de yzygiderli we netijeli ösdürip biljekdigiňize ynanýaryn.

Durmuşyňyzyň şu şatlykly we ýatdan çykmajak gününde Sizi ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlamak hem-de Size berk jan saglyk, maşgala bagtyýarlygyny, abadançylyk, jogapkärli işiňizde uly üstünlikleri, doganlyk türkmen halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş we rowaçlyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Şawkat MIRZIÝOÝEW,
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Doglan günüňiz mynasybetli meniň tüýs ýürekden gutlaglarymy we hoşniýetli arzuwlarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Häzirki wagtda Siziň baştutanlygyňyzda doganlyk Türkmenistan durnuklylygy, durmuş-ykdysady ösüşi, öz raýatlarynyň abadançylygyny üpjün etmek ýoly bilen ynamly öňe barýar, özüniň halkara abraýyny yzygiderli berkidýär. Siziň strategik ugruňyza eýerip we möhüm başlangyçlarydyr özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirip, Türkmenistanyň döredijilikli ösüşini dowam etdirjekdigine, güýçli we gülläp ösýän döwleti gurmak boýunça belent maksatlara ýetjekdigine ynanýaryn.

Häzirki döwürde bilelikdäki tagallalaryň netijesinde ýurtlarymyzyň arasynda asylly dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we birek-birege goldaw bermek däplerine esaslanýan özara bähbitli gatnaşyklar ýola goýuldy. Ýokary derejedäki işjeň syýasy dialogyň mundan beýläk-de gazak-türkmen strategik hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagyň berk esasy bolup hyzmat etjekdigine ynanýaryn.

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size Türkmenistanyň doganlyk halkynyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan jogapkärli döwlet işiňizde täze üstünlikleri arzuw edýärin!

Hormatlamak bilen,

Kasym-Žomart TOKAÝEW,
Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti.

  ***

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin. Size tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Türkmenistanyň dostlukly halkynyň rowaçlygynyň bähbidine jogapkärli döwlet işiňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Doganlyk Türkmenistan häzirki wagtda durnukly durmuş-ykdysady ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýar, halkara giňişlikdäki abraýy barha belende galýar.

Men iki ýurduň döwletara gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn ösdürmegiň esasy şerti hökmünde ýokary derejedäki özara ynanyşmak ýagdaýyndaky täjik-türkmen dialogyna uly ähmiýet berýärin. Golaýda Duşenbe şäherinde geçirilen çärelere Siziň işjeň gatnaşmagyňyza bu ösüşiň okgunly bolmagyny üpjün etmek boýunça biziň hemişelik bilelikdäki tagallalarymyzyň nobatdaky subutnamasy hökmünde baha berýärin. Täjigistan bilen Türkmenistanyň özara gatnaşyklarynyň iki doganlyk halkyň jana-jan bähbitlerine mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine ynanýaryn.

Hormatlamak we iň gowy arzuwlar bilen,

Emomali RAHMON,
Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň! Siziň baştutanlygyňyzda Türkmenistanyň ösüş ýolunda täze üstünlikleri gazanjakdygyna hem-de halkara giňişlikdäki ornuny pugtalandyrmak işinde öňünde goýan maksatlaryna ýetjekdigine berk ynanýaryn.

Halklarymyzyň düýpli bähbitlerini ilerletmäge gönükdirilen bilelikdäki tagallalarymyzyň, şeýle hem aramyzda ýola goýlan dostluk we özara hormat goýmak gatnaşyklarynyň netijesinde gyrgyz-türkmen strategik hyzmatdaşlygy işjeň ilerledilýär. Gadymdan gelýän dostluga, ynanyşmaga, özara bähbitli hyzmatdaşlyga esaslanýan köpugurly gyrgyz-türkmen gatnaşyklarynyň ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine ynanýaryn.

Size tüýs ýürekden berk jan saglyk, rowaçlyk, döwlet işiňizde üstünlikleri arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Sadyr ŽAPAROW,
Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti.

Ýene-de okaň

Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynda biometrik pasport nokady açyldy

Türkmenistanda 1146 adam raýatlyga kabul edildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda 736 raýatyň günäsi geçildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Russiýa şalyçylyk pudagynda hyzmatdaşlyk edýär

Yslam ösüş banky Türkmenistanda 20-den gowrak taslamany maliýeleşdirdi

Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi