DÜNÝÄ

Merkezi Aziýa ykdysady forumy: 85 ylalaşyga gol çekildi

«Awaza» Kongresler merkezinde MA ýurtlarynyň Döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde Merkezi Aziýa döwletleriniň ykdysady forumy geçirildi.

Forumyň plenar mejlisiniň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Serdar Berdimuhamedow  gutlag sözi bilen çykyş etdi.

Foruma Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň ugurdaş ministrlikleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Mundan başga-da, Foruma sebitiň ýurtlarynyň döwlet we hususy pudagynyň, halkara hem-de sebit maliýe institutlarynyň wekilleri hem göni wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşdylar.

Sebitde maýa goýum şertleriniň hemmetaraplaýyn gowulandyrylmagy hem-de ýurtlaryň özara hereketleriniň ileri tutulýan ugurlaryna maýa goýumlaryň çekilmegi, şeýle-de innowasiýalar, himi senagaty, energetika, ulag we kommunikasiýa ulgamlarynda köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegi boýunça pikirleriň alyşylmagy hem-de olar boýunça derwaýys çözgütleriň kabul edilmegi nobatdaky Forumyň esasy maksady boldy.

Forumyň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň söwda-ykdysady we maýa goýum mümkinçilikleri, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň energetika we himiýa pudaklaryndaky hyzmatdaşlygynyň geljekki ugurlary, Merkezi Aziýa ýurtlarynda ulag-logistika ulgamynda hyzmatdaşlyk ugurlary boýunça tematiki maslahatlar geçirildi.

Merkezi Aziýa ýurtlarynda elektron söwdasy üçin ýygymlaryň we kadalaryň kämilleşdirilmegi, ykdysadyýetiň ileri tutulýan ulgamlarynda integrasiýa hereketleriniň çuňlaşdyrylmagy köptaraplaýyn bu duşuşygyň tematiki mejlisleriniň esasy mowzuguny düzdi.

Mundan başga-da, Foruma gatnaşyjylar 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamynyň Gün tertibiniň durmuşa geçirilmegi maksady bilen, hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini işläp düzmek nukdaýnazaryndan, ykdysady integrasiýanyň ileri tutulýan ugurlaryna degişlilikde pikirleri alyşdylar.

Forumyň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň durnukly we deňagramly ykdysady ösüşiniň gazanylmagyna, ykdysadyýetlerini pugtalandyrmak hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmek nukdaýnazaryndan bar bolan mümkinçilikleriniň giňeldilmegine hem-de netijeli ulanylmagyna gönükdirilen teklipleriň ençemesi taýýarlanyldy.

Duşuşygyň jemleri boýunça oňa gatnaşyjylar Merkezi Aziýa döwletleriniň Ykdysady forumynyň Jemleýji resminamasyny kabul etdiler.

Çäräniň ahyrynda ýurtlaryň wekiliýetleriniň ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirildi, şeýle-de özara hereketletiň dürli ugurlary boýunça ylalaşyklaryň 85-ni özünde jemleýän ikitaraplaýyn resminamalaryň agramly bukjasyna gol çekildi.

Geçirilen çärelerden soňra Foruma gatnaşan wekiller MA ýurtlarynyň milli önümleriniň sergisi bilen tanyş boldular, sebitiň ýurtlarynyň milli tagamlarynyň festiwalyna bardylar, soňra MA ýurtlarynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň dabalary konsertine gatnaşdylar.

Awaza: Türkmenistanyň we Gazagystanyň Prezidentleriniň duşuşygy

 

 

Ýene-de okaň

Türkmen wekiliýeti Malaýziýanyň milli habarlar agentligine baryp gördi

Türkmenistanyň we Malaýziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy

2024-nji ýylda türkmen-rus hyzmatdaşlygy

Eýranyň energetika ministri Abbas Aliabadiniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň Täze ýyl Baş arçasy yşyklaryny ýakdy

Türkmenistanyň Prezidenti Bahreýniň Patyşasyny gutlady