DÜNÝÄ

“Merkezi Aziýa-Ýewropa Bileleşigi” sammiti Gyrgyzystanda geçiriler

Şu ýylyň 2-nji iýunynda Gyrgyz Respublikasynyň Çolpon-Ata şäherinde Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň başlyklyk etmeginde  “Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi”  ikinji sammiti geçiriler. Bu barada ýurduň Prezidentiniň Administrasiýasynyň daşary syýasat boýunça bölüm başlygy Muratbek Azymbekiýew habar berdi.

Gyrgyz metbugatyndaky habara görä, sammite Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Türkmenistanyň Ministler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nurmuhammet Amannepesow we Ýewropa Geňeşiniň prezidenti Şarl Mişel gatnaşar.

Iki sebitiň arasyndaky syýasy, söwda, ykdysady, medeni we ynsanperwer hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşylar we halkara gün tertibindäki möhüm meseleler boýunça pikir alşylar.

Mundan başga-da, Sadyr Žaparow wekiliýetleirň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirer.

Ertesi gün, 3-nji iýunda Ýewropa Geňeşiniň prezidenti Şarlz Mişeliň Gyrgyzystana resmi sapary başlanar.

Ýene-de okaň

Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Täjigistanda türkmen-täjik hökümetara toparynyň 14-nji mejlisi geçirildi

Koreýa Respublikasy Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi

29-njy martda geçiriljek saýlawlarda saýlaw uçastoklarynyň 578-si hereket eder

Eýranyň Aşgabatdaky ilçihanasynda Aýatolla Hameneýi üçin gynanç kitaby açyldy

Eýrandaky Hytaýyň raýatlary Türkmenistanyň üsti bilen ýurduna dolandy