JEMGYÝET

Merkezi Aziýa we Russiýa: ykdysady hyzmatdaşlygyň esasy görkezijileri

Täjigistanyň paýtagty Duşanbe şäherinde «Merkezi Aziýa – Russiýa» ikinji Sammiti geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem gatnaşdy. Şeýle hem sammite – Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem-de Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon gatnaşdy.

Russiýanyň Merkezi Aziýadaky ykdysady gyzyklanmalary giň we köpugurlydyr. Munuň sebäbi — dürli ugurlarda taryhy taýdan emele gelen ýakyn gatnaşyklarynyň bolmagy hem-de sebit ýurtlarynyň demografik we ykdysady mümkinçilikleriniň artmagydyr.

Gazagystan — Russiýa

Özara söwda möçberi — 27 milliard dollar

2024-nji ýylda Gazagystan bilen Russiýanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 27,8 milliard dollara deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 3% köp. Esasy ösüş sebäbi — Russiýadan importyň 8% ýokarlanmagydyr.

Russiýanyň paýy Gazagystanyň daşary söwda dolanyşygynda 20%-e ýetdi (2023 — 19%). Russiýanyň Gazagystanyň importyndaky paýy 28%-den 31%-e çenli artdy, eksportdaky paýy bolsa 13%-den 12%-e çenli azaldy.

Şu ýyl Russiýa we Gazagystan Merkezi Aziýada ilkinji atom elektrik stansiýasyny gurmaga girişdiler. Stansiýanyň işe girizilmegi 2035–2036-njy ýyllar üçin meýilleşdirilýär, taslamanyň bahasy 14–15 milliard dollar aralygynda.

Senagat hyzmatdaşlygy ösdürilýär — häzirki wagtda 33 milliard dollarlyk 75 taslama durmuşa geçirilýär.

Özbegistan — Russiýa

Söwda, maýa goýum we atom energiýasy

2025-nji ýylyň ýanwar–awgust aýlarynyň netijeleri boýunça Özbegistanyň umumy daşary söwda dolanyşygy 51,4 milliard dollar boldy, onuň 12,5%-i Russiýa degişli. Şol döwürde Russiýa eksport 2,8 milliard dollar, import bolsa 5,4 milliard dollar bolup, bu 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 509 mln dollar, 2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende bolsa 2,1 milliard dollar köpdür.

2025-nji ýylyň iýul aýyna çenli Özbegistanda daşary ýurtly maýadarlaryň gatnaşmagynda 16 685 kärhana işläp dur, olaryň 3 000-den gowragy — Russiýanyň gatnaşmagyndaky kompaniýalardyr. Soňky üç ýylda olaryň sany 8% artdy.

2024-nji ýylda Russiýadan 5 milliard dollar göni maýa goýum çekildi. Iki ýurduň umumy taslama bukjasy 60 milliard dollar bilen bahalandyrylýar. “Gazprom”, “Lukoýl”, “Tatneft” ýaly öňdebaryjy kompaniýalar Özbegistanda iri infrastruktura we önümçilik taslamalaryny amala aşyrýarlar.

Täjigistan — Russiýa

Russiýa — esasy söwda hyzmatdaşydyr

2024-nji ýylda Täjigistan bilen Russiýanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 1,981 milliard dollar boldy, Russiýa Täjigistanyň daşary söwda dolanyşygynda 22,1% paý bilen birinji orny eýeledi. 2025-nji ýylyň ilkinji sekiz aýynda söwda möçberi 1,44 milliard dollar bolup, bu Täjigistanyň daşary söwdasynyň 21,4%-ine deňdir.

Täjigistanyň Russiýa eksporty — 73 mln dollar (eksportyň 4,5%-i), Russiýadan import — 1,368 milliard dollar (importyň 26,8%-i).

Russiýada takmynan 1,2 million täjik raýaty işleýär, bu bolsa RF-däki ähli daşary ýurtly işçileriň 16%-ine barabar. Täjigistanyň raýatlary iki ýurduň ykdysadyýetine hem möhüm goşant berýärler.

Gyrgyzystan — Russiýa

Esasy söwda-ykdysady hyzmatdaş

Russiýa Gyrgyzystanyň esasy söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biridir we ýurduň daşary söwdasynyň takmynan 22%-ini tutýar. 2024-nji ýylda ýurtlaryň arasyndaky söwda dolanyşygy 3,5 milliard dollardan geçdi. 2025-nji ýylyň ilkinji ýarymynda bu görkeziji 1,7 milliard dollara ýetdi.

Iki ýurduň ýolbaşçylary söwda dolanyşygyny 5 milliard dollara çenli ýetirmegi maksat edinýärler. Daşary söwda hasaplaşyklarynyň 95%-den gowragy milli walýutalarda amala aşyrylýar.

Türkmenistan — Russiýa

Söwda dolanyşygy 58% ýokarlandy

Russiýa bilen Türkmänistanyň ýyllyk söwda dolanyşygy 1,6 milliard dollardan geçýär, 2025-nji ýylyň ilkinji ýarymynda bu görkeziji 58% ýokarlandy. Şu depginde dowam etse, ýylyň ahyryna çenli söwda 2,5 milliard dollardan hem geçip biler.

Russiýa bilen hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary — nebit-gaz senagaty, ulag we logistika, gämi gurluşygy. Türkmänistanda Russiýanyň gatnaşmagyndaky 200-e golaý kärhana işleýär, şol sanda “Gazprom”, “Tatneft” we beýleki iri kompaniýalar bar. Russiýanyň demirýol edarasy bilen bilelikde demir ýol we deňiz ulaglary boýunça taslamalar amala aşyrylýar.

Gelejekde türkmän kompaniýalarynyň Astrahan şäherindäki “Lotus” aýratyn ykdysady zolagynyň işine gatnaşmagy meýilleşdirilýär, bu bolsa senagat hyzmatdaşlygyny we özara söwdany giňeltmäge mümkinçilik berer.

Sebitara gatnaşyklary hem işjeň ösýär — Russiýanyň 60 töweregi sebiti (Sankt-Peterburg, Tatarstan, Astrahan oblasty we beýlekiler) bilen hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Şeýle hem senagat kooperasiýasy çäginde iri taslamalar durmuşa geçirilýär.

Ynsanperwer ulgamda Russiýada 30 müňden gowrak türkmän talyby okaýar, Aşgabadyň özünde bolsa A. S. Puşkin adyndaky bilelikdäki türkmen-rus mekdebi hereket edýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistana döwlet sapary tamamlandy

Türkmenistan-Özbegistan: resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti “Ýokary derejeli dostluk” ordeni bilen sylaglandy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri serhetýaka söwda merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-Özbegistan: haryt dolanyşygy 2 milliarda ýetiriler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistanyň Prezidentleriniň ikiçäk duşuşygy geçirildi

Ata Watan Eserleri