DÜNÝÄ

Merkezi Aziýa–Hytaý gümrük gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçiriler

Hytaý Halk Respublikasynyň Baş gümrük müdirliginiň teklibi bounça Merkezi Aziýanyň we Hytaýyň Gümrük gulluklarynyň wekilleriniň wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşygy boldy.

Hytaý tarapy ozal Merkezi Aziýa–Hytaý Gümrük gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşyklarynyň mehanizmini döretmek barada başlangyjyny öňe sürüpdi.

Şu günki wideoaragatnaşyk arkaly hünärmenler derejesindäki duşuşyk hem hytaý şol başlangyjy esasynda şu aýda geçiriljek Merkezi Aziýa–Hytaý Gümrük gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygyna taýýarlyk görmek maksady bilen geçirildi.

Taraplar, ýolbaşçylaryň duşuşygynyň Gün tertibini we Teswirnamasyny ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem Merkezi Aziýa–Hytaý Gümrük gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşyklarynyň işini düzgünleşdirýän resminamanyň taslamasyna seretdiler.

Merkezi Aziýa–Hytaý Gümrük gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşyklarynyň işi Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň arasyndaky söwdany ýeňilleşdirmäge, şeýle hem «Merkezi Aziýa – Hytaý» Döwlet Baştutanlarynyň Sammitinde gümrük işi bilen bagly kabul edilýän çözgütleri ýerine ýetirmäge gönükdirilendir.

Ýene-de okaň

Gazagystanda täze Konstitusiýa we täze baýramçylyk döredildi

Gazagystanlylaryň 87%-den gowragy täze Konstitusiýanyň taslamasyny goldady

Ata Watan Eserleri

Kabul we Aşgabat TOPH gaz geçirijisiniň ugrundaky ýerleri satyn almak işinde ylalaşýarlar

Millionlarça yzarlaýjysy bolan influenser Ýuji Beleza Türkmenistanyň çäresine gatnaşar

Dr.Döwran Orazgylyjov

Gazagystanda täze konstitusiýa boýunça sala-salyşlyk geçirilýär

Pekinde türkmen–hytaý maýa goýum forumynyň tanyşdyrylyşy geçirildi