JEMGYÝET

Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň duşuşygy Bişkekde geçiriler

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministri Çingiz Aýdarbekow bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşikler göni wideoaragatnaşyk arkaly guraldy.

Işjeň söhbetdeşligiň barşynda iki ýurduň DIM-niň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň gün tertibine seredip geçdiler, şonuň ýaly-da Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň III Konsultatiw duşuşygyna görülýän taýýarlyk işleri dogrusynda pikirleri alyşdylar.

Şeýle-de ministrler ikitaraplaýyn özarahereketleriň derwaýys meselelerine seredip geçdiler, bu ugurda iki ýurduň döwlet we hususy pudagynyň wekilleriniň yzygiderli duşuşyklarynyň dikeldilmegi ara alyp maslahatlaşmalaryň aýratyn temasy boldy.

Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň arasyndaky syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygyň yzygiderli esasda ösdürilýändigini nygtadylar. Iki döwletiň başlangyçlarynyň we teklipleriniň abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde özara goldanylmagy gyzyklanma bildirilýän ugurlaryň ählisi boýunça netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine saldamly goşant goşýandyr.

Global derejede pandemiýa ýagdaýlarynyň nazarda tutulmagynda, diplomatlar jebisligiň, durnuklylygyň we raýdaşlygyň mundan beýläk hem pugtalandyrylmagy üçin sebitleýin hyzmatdaşlygyň has hem ilerledilmegine aýratyn üns berdiler.

Ýene-de okaň

Mariýa Zaharowa: Eýrandaky rus raýatlaryny üstaşyr geçirmekde Türkmenistanyň ägirt uly kömegi bar

Türkmenistan Eýrandan gelen 16 ýurduň raýatlaryny kabul etdi

17 ýurduň raýaty Türkmenistanyň üsti bilen Eýrandan öz ýurduna barar

Täjigistanyň Prezidenti türkmen wekiliýetini kabul etdi

Ogulabat ejäniň hünäri – türkmen zenanlary üçin görelde sungat mekdebidir

Türkmenistanyň raýatlary üçin Hytaýda talyp hakly okamak mümkinçiligi