DÜNÝÄ

Meri Meý Saýmon: Türkmenistan bilen suw serişdelerini dolandyrmakda hyzmatdaşlyk edýäris

Kanadanyň General-gubernatory Meri Meý Saýmon Kanada bilen Türkmenistanyň suw serişdelerini dolandyrmak hem-de howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleler boýunça hyzmatdaşlyk edýändigini belledi. Ol bu barada Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasbetli iberen gutlagynda belleýär. 

Gutlag hatynda hususan-da şeýle diýilýär:

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Kanadanyň ähli halkynyň adyndan Size we türkmen halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy iberýärin.

Kanada bilen Türkmenistan suw serişdelerini dolandyrmak hem-de howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleler boýunça hyzmatdaşlyk edýär. Kanada netijeli hyzmatdaşlyk üçin mümkinçilikleriň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýär hem-de ýurtlarymyzyň arasynda, hususan-da, BMG ýaly iri guramalaryň çäklerinde gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagy maksat edinýär.

Size berk jan saglyk, Türkmenistanyň halkyna bolsa bagtyýarlyk we abadançylyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Meri Meý Saýmon,
Kanadanyň General-gubernatory.

Ýene-de okaň

Türkmenistan 3 aýda 520 sany halkara duşuşyklaryny geçirdi

Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy mejlisine gatnaşdy

Eýranyň Aşgabatdaky medeniýet merkezi surat çekmek bäsleşigini geçirýär

Türkmenistanyň Ilçisiniň Gruziýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşygy

Türkmenistanyň wekiliýeti «Energoprom-2026» Kazan forumyna gatnaşdy

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlaryny ösdürmegi maslahatlaşdylar