JEMGYÝET

Melhemlik çaýlaryň görnüşleri artýar

Türk­me­nis­ta­nyň Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi­niň «Türk­men­der­man­se­na­gat» bir­le­şi­gi­niň «Sag­lyk» der­man kär­ha­na­sy­nyň der­man­lyk ösüm­lik­ler­den mel­hem çaý­la­ry taý­ýar­la­ýan bö­lü­min­de türk­men te­bi­ga­tyn­da ös­ýän der­man­lyk ösüm­lik­ler­den in­di bir­nä­çe ýyl bä­ri mel­hem çaý­lar taý­ýar­lanyl­ýar. Bu ýer­de taý­ýar­lanyl­ýan 20-den gow­rak mel­hem­lik çaý­la­ra halk ara­syn­da uly is­leg bil­di­ril­ýär.

«Türkmenistan» gazetinde habar berlişi ýaly, kär­ha­na­da bir ýyl­da dür­li gör­nüş­li çaý­la­ryň 300 müň ga­by taý­ýar­lanyl­ýar. Bu bol­sa hal­kyň is­le­gi­ni do­ly ka­na­gat­lan­dyr­ma­ga we önüm­le­riň bel­li bir bö­le­gi­ni da­şa­ry ýurt­la­ra eks­port et­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaby bolsa bu ýerdäki işiň esasy ylham çeşmesidir.

Kär­ha­na­da mel­hem çaý­la­ryň tä­ze gör­nü­şi­niň önüm­çi­li­gi hem ýo­la goý­lup­dyr. Ola­ryň hatarynda türküstan guşgonmaz ösümliginden taýýarlanan ýü­rek-da­ma­ry gurp­lan­dy­ry­jy, gök çaý­ly bu­ýan kö­ki hem bar. Hä­zir­ki wagt­da bol­sa kär­ha­na­da ba­gyr hem böw­rek ke­sel­le­ri­ne gar­şy mel­hem ça­ýy taý­ýar­la­mak iş­leri al­nyp ba­ryl­ýar. Bu ugur­da hü­när­men­ler alym­lar bi­len de­giş­li iş­le­ri alyp bar­ýar­lar.

Dünýä Sahypamyz

Dünýäde bolup geçýän wakalardan habarly bolmak-bu döwrüň talaby!

Ýene-de okaň

Mariýa Zaharowa: Eýrandaky rus raýatlaryny üstaşyr geçirmekde Türkmenistanyň ägirt uly kömegi bar

Türkmenistan Eýrandan gelen 16 ýurduň raýatlaryny kabul etdi

17 ýurduň raýaty Türkmenistanyň üsti bilen Eýrandan öz ýurduna barar

Täjigistanyň Prezidenti türkmen wekiliýetini kabul etdi

Ogulabat ejäniň hünäri – türkmen zenanlary üçin görelde sungat mekdebidir

Türkmenistanyň raýatlary üçin Hytaýda talyp hakly okamak mümkinçiligi