JEMGYÝET

Mejlis şu ýyl 36 resminama kabul etdi

Şu ýylyň ýedi aýynda Türkmenistanyň Mejlisinde resminamalaryň 36-sy ara alnyp maslahatlaşyldy, şol sanda Türkmenistanyň Kanunlarynyň 20-si hem-de Mejlisiň Kararlarynyň 16-sy kabul edildi. Bu barada Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa 14-nji awgustda geçirilen Hökümet mejlisinde döwlet Baştutanyna habar berdi.

Häzir 22-nji awgustda geçirilmegi meýilleşdirilýän Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň nobatdaky maslahatyna taýýarlyk görülýär. «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Konstitusion kanunyň taslamasy boýunça işler dowam etdirilýär. Şeýle hem Halk Maslahatyna taýýarlyk görülýär.

Türkmenistanyň Mejlisinde wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyklaryň we gepleşikleriň birnäçesi guraldy, deputatlar milli kanunçylygy kämilleşdirmäge gönükdirilen okuw maslahatlarynyň 52-sine gatnaşdylar. Şolaryň 12-si wideoaragatnaşyk arkaly guraldy.

Ýene-de okaň

Ugandanyň daşary işler boýunça döwlet ministriniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Hytaýyň ilçisi bilen duşuşdy

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşyk barada

Gazak Liderinden türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk haty

Kristofer Wizda: «Makul» sözlük – dilleri we medeniýetleri birleşdirýär

Ata Watan Eserleri